21/10/2026
17
L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetine ylmy-tanyşlyk sapary
Hünär tejribeligi kämilligiň esasy ölçegleriniň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary hünär bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu günlerde biz — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary önümçilik tejribeligini üstünlikli dowam etdirýäris. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynda hünär tejribeligini geçmek bilen, ýakynda Astana şäherinde ýerleşýän L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetine ylmy-tanyşlyk saparyny amala aşyrdyk. Saparyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebiniň taryhy, ylmy we medeni mirasy, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyk.
Uniwersitetiň taryhy bilen tanyşlygyň dowamynda onuň 1996-njy ýylyň 23-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany esasynda döredilendigine aýratyn üns berdik. Uniwersitetiň döredilmegi ýurduň ýokary bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyr bolup, Ýewraziýa giňişliginde bilim we ylym hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersiteti Gazagystanyň möhüm bilim, ylym we medeni merkezleriniň biri bolup durýar.
Uniwersitetiň esasy binasynda ýerleşýän L.N.Gumilýewiň heýkeli hem-de onuň dörediliş taryhyna degişli maglumatlar bu bilim ojagynyň ylmy we ruhy mirasyny açyp görkezýär. Taryhy maglumatlar bilen tanyşmak arkaly uniwersitetiň kemala gelmeginiň Gazagystanyň ýokary bilim ulgamynyň ösüşi we Ýewraziýa giňişliginde akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirdik.
Saparyň dowamynda uniwersitetiň muzeý ekspozisiýasy bilen hem tanyşdyk. Muzeýde taryhy döwürleriň durmuşyny, däp-dessurlaryny we medeni aýratynlyklaryny şöhlelendirýän dürli eksponatlar görkezilýär. Olaryň arasynda gadymy ýaraglar, sowutlar, galkanlar, taryhy eşikler we beýleki maddy medeniýet nusgalary bar. Şeýle hem türki ýazuwynyň taryhyna, gazak elipbiýiniň ösüşine we ýazuw özgertmelerine degişli maglumatlar ünsümizi çekdi. Bu eksponatlar türki halklaryň baý medeni mirasyny öwrenmekde we milli özboluşlylygyň nesilden-nesle geçirilmeginde ýazuwyň möhüm ornuny görkezýär.
Halkara hukugy ugry boýunça bilim alýan talyp hökmünde muzeýde görkezilen 1860-njy ýyllara degişli halk kazysynyň möhri aýratyn gyzyklanma döretdi. Eksponatyň düşündirişinde onuň Torgaý oblastynyň Nikolaýew uezdiniň Saroý bolusynyň 1-nji awulyna degişlidigi görkezilýär. Bu taryhy tapyndy geçmişde ýerli jemgyýetlerde kazylyk işiniň we däp bolan hukuk gatnaşyklarynyň öwrenilmeginiň ähmiýetini görkezýär. Şeýle-de ol taryhy tejribäni häzirki zaman hukuk ulgamlary bilen deňeşdirip öwrenmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, jedelleri çözmekde taraplaryň özara ynamynyň we ylalaşygynyň ähmiýeti babatda bu tejribe halkara arbitražy we jedelleri çözmegiň alternatiw usullaryny öwrenmek üçin gyzykly deňeşdirme bolup hyzmat edýär. Elbetde, taryhy kazylyk tejribesini häzirki zaman halkara hukugynyň institutlary bilen doly deňleşdirmek mümkin bolmasa-da, olaryň arasynda jedelleri parahatçylykly çözmek ýörelgesi babatda manydaş taraplary görmek bolýar.
Saparyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň guramagynda geçirilen maslahata hem gatnaşdyk. Maslahatyň dowamynda adalat we howpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmek, hukuklaryň goragyny üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy göreşmek, bosgunlara goldaw bermek we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynda hukuk, howpsuzlyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň özara baglanyşygyny aýdyň görkezýär. Maslahatda beýan edilen garaýyşlar halkara hukugynyň diňe bir kadalaryň we düzgünleriň toplumy bolman, eýsem, döwletleriň we halkara guramalaryň bilelikdäki tagallalary arkaly durmuşa geçirilýän möhüm ulgamdygyna düşünmegimize ýardam berdi.
Umuman, L.N.Gumilýew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetine amala aşyrylan ylmy-tanyşlyk sapary biziň hünär bilimlerimizi giňeltmekde, taryhy we medeni mirasyň hukuk gatnaşyklarynyň ösüşindäki ornuna has çuňňur düşünmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, saýlan hünärleri boýunça kämilleşmegi we halkara tejribesini öwrenmegi üçin döredilýän mümkinçilikler döwletimiziň ýaş nesle berýän ünsüniň aýdyň beýanydyr. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hukuk ulgamynda ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir.
Ýurdumyzda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet we halkara ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Güneş ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby