Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • «TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARLARY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • «FILOSOFIÝA – ÄHLI YLYMLARYŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
        • TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
    Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
    Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
    Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
    16/10/2026

    681

    Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

    2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi: parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki täze tapgyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda 2026-njy ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri halkara duşuşyklara gatnaşan institutyň uly mugallymlary Perhat Çaryýew, Merjen Gurbannazarowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, şahyr Gülşirin Hanowa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Laçyn Tekedurdyýewa dagy çykyş etdiler. Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda geçirilen ylmy-amaly maslahata türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
    Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan parahatçylyk döredijilikli taglymlar «Açyk gapylar» syýasatynda, deňhukukly dialogda, özara bähbitli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda hem-de GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi, onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň ençemesiniň guralandygyny nygtadylar. Çaraniň ahyrynda şahyr Gülşirin Hanowanyň ata Watanymyzy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky nusgalyk göreldesini wasp edýän goşgularyny okamagy maslahatyň täsirliligini artdyrdy.
    Şeýle ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli guralmagy talyplaryň we geljekki halkaraçy hünärmenleriň ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň geosyýasy ähmiýetine bolan düşünjesini çuňlaşdyrmaga hem-de olaryň syýasy-diplomatik bilimlerini artdyrmaga kömek edýär.

    Aýperi AKMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    «TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARLARY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY surady

    05/11/2026

    «TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARLARY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY
    Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen ylmy maslahat geçirildi surady

    20/10/2026

    Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen ylmy maslahat geçirildi
    “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi surady

    19/10/2026

    “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI