18/12/2023
1539
«Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklary» atly gibrid görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna hem-de akyldar şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan iş Meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň çar künjünde ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şol sanda, 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklary» atly gibrid görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Hydyr Deryaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlary hem Halkara gatnaşyklary institutynyň hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, diplomatik akademiýalarynyň we merkezleriniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Bu maslahatda, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Ukrainadan wekilleriň sanly ulgam arkaly çykyş etmegi türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýedigini ýene bir ýola tassyklady.
Maslahatyň umumy mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (YUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ç.Rüstemowanyň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň doktory, professor Z.Kurmanowyň, Kazan (Priwolžsk) federal uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary we dünýä taryhy ýokary mekdebiniň Halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti B.Alimowyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Şyhnepesowyň, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky G.Udowenko adyndaky Ukrainanyň Diplomatik akademiýasynyň ylmy barlaglar boýunça müdiriniň assistenti, taryh ylymlarynyň kandidaty M.Taranenkonyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň Hazar ynsanperwer institutynyň filosofiýa, medeniýeti öwreniş we ylahyýet kafedrasynyň assistenti D.Woroşilowyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň wekili Soner Saglamyň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhy binýady, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynyň merjeni bolan öňdengörüjilikli pikirleriniň we pelsepewi garaýyşlarynyň müdimi ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Soňra halkara maslahat «Magtymguly Pyragynyň döwletlilik taglymatynyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmekdäki binýatlyk orny», «Magtymgulynyň paýhas-filosofiki we ahlak – edep garaýyşlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti», «Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasydyr» atly bölümçelerde öz işini dowam etdirdi.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlan «Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy makalalaryň ýygyndysy gatnaşyjylara sowgat berildi.
Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallymy.
https://www.turkmenistan.gov.tm/ru/post/78649/konferenciya-v-chest-300-letiya-mahtumkuli-obedinila-predstavitelej-sfery-obrazovaniya-turkmenistana-i-zarubezhya
https://education.gov.tm/metbugat/detail/halkara-gatnasyklary-institutynda-magtymguly-pyragynyn-doglan-gununin-300-yyllygyna-bagyslanan-maslahat-gecirildi/
https://orient.tm/ru/post/65638/mezhdunarodnaya-konferenciya-o-tvorchestve-mahtumkuli-proshla-v-imo-mid-turkmenistana