Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • DEBATE HELD AMONG UNESCO CLUBS ON THE OCCASION OF THE INTERNATIONAL WEEK OF SCIENCE AND PEACE
        • ÝUNESKO 15-nji dekabry — Türki diller maşgalasynyň Bütindünýä güni hökmünde yglan etdi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • HALYPA DIPLOMAT BILEN ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Intellektual eýeçiligi hukuk taýdan düzgünleşdirýän halkara şertnamalary
    Intellektual eýeçiligi hukuk taýdan düzgünleşdirýän halkara şertnamalary surady
    30/11/-0001

    1155

    Intellektual eýeçiligi hukuk taýdan düzgünleşdirýän halkara şertnamalary

    Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.
    Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Döwletimiz bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy bilen işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar. Bu gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşleri döredilýär. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligi babatynda 30-dan gowrak esasy halkara konwensiýalar, ylalaşyklar, şertnamalar, teswirnamalar we beýleki namalar hereket edýär.
    Olaryň 26 sanysy Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy tarapyndan, 1 sany Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan, 2 sany Ýewraziýa Patent Guramasy tarapyndan, galan 1 sanysy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy tarapyndan dolandyrylýar.
    Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy BMG-niň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary (rugsatnama, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşan, nusga we ş.m.) höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan ýöriteleşdirilen gurama bolup durýar. Ol 1893-nji ýylda geçirilen diplomatik maslahatynda esaslandyryldy. 1967-nji ýylyň 14-nji iýulynda Şwesiýa Patyşalygynyň Stokgolm şäherinde Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä Guramasyny esaslandyrýan halkara Konwensiýa gol çekildi. Guramanyň merkezi edarasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.
    Häzirki wagtda 193 ýurt Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň agzasydyr. Guramanyñ resmi dilleri - iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleri bolup durýar. 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan bäri Guramanyň baş müdiriniň wezipesini Singapur Respublikasynyň raýaty Daren Tang ýerine ýetirýär. 2021-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň häzirki wagtda gatnaşmaýan hem-de Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy tarapyndan dolandyrylýan halkara şertnamalara goşulmagy, ýurtda maýa goýum işjeňligini höweslendirmegine, işewür gurşawy ösdürmegine, milli ykdysadyýetiň halkara giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyna mümkinçilik berilýär.

    GÜLSENEM HOMMADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
    kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ARKADAG CITY – TURKMENISTAN’S VISION OF A SMART AND SUSTAINABLE FUTURE surady

    13/11/2025

    ARKADAG CITY – TURKMENISTAN’S VISION OF A SMART AND SUSTAINABLE FUTURE
    НОВЫЙ ВЕКТОР ИНТЕГРАЦИИ ЦЕНТРАЛЬНОЙ И ЮЖНОЙ АЗИИ surady

    12/11/2025

    НОВЫЙ ВЕКТОР ИНТЕГРАЦИИ ЦЕНТРАЛЬНОЙ И ЮЖНОЙ АЗИИ
    THIRTY YEARS OF TURKMENISTAN’S NEUTRALITY AS A FOUNDATION FOR GLOBAL DIALOGUE AND COOPERATION surady

    12/11/2025

    THIRTY YEARS OF TURKMENISTAN’S NEUTRALITY AS A FOUNDATION FOR GLOBAL DIALOGUE AND COOPERATION
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI