22
HALYPA DIPLOMAT BILEN ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýaş diplomatlar” ylmy gurnagy bilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň bilelikde gurnamagynda BMG-niň döredilen güni mynasybetli, halypa diplomat, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradowyň gatnaşmagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Halypa diplomat Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň bu guramanyň çäginde öňe süren başlangyçlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň üç gezek ykrar edilmegi şeýle hem döwletimiziň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty we ussat diplomatyň bu hünär ugrundaky öz baý tejribesi hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, bilim endiklerini has-da kämilleşdirdiler. Ilçi bilen geçirilen duşuşyk ýokary synp okuwçylarynyň diplomatik hünärine bolan höweslerini has-da artmagyna täsir etdi.
Täsirli duşuşykdan soň N.Amanmyradow okuwçylary Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýinde ýerleşdirilen ýurdumyzyň halypa diplomatlarynyň bitiren işleri we üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.
Nuraly ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.