26/09/2024
475
Institutyň wekili Halkara parahatçylyk güni mynasybetli geçirilen okuw maksatnamasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 18-24-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Dürli Ballyýewa Hytaý Halk Respublikasynda Halkara parahatçylyk güni mynasybetli geçirilen “Ýewraziýa ýurtlary üçin parahatçylyk we howpsuzlyk ugry babatda” atly okuw maksatnamasyna gatnaşdy.
Bu okuw maksatnamasy Parahatçylyk we ýaragsyzlanmak Assosiasiýasy CPAPD tarapyndan guralyp, oňa dünýäniň 80-den gowrak döwletleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň esasy açylyş dabarasy HHR-nyň Şandon şäherinde geçirilip, oňa CPAPD-yň Prezidenti Ma Biao we Baş sekretar An Ueujun tarapyndan badalga berildi. Çäre BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň bu okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna iberen gutlag sözi bilen başlandy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan yglan edilen we durmuşa geçirilýän dünýäniň döwletleriniň arasynda parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini hem-de sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle-de, çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň ählisine, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna we beýleki halkara, sebit hem-de sebitara guramalara parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ilerletmekde, jedelleri parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagy maslahat berdiler. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar üçin ýörite Hytaý halkynyň milli işleriniň sergisiniň gurnalmagy, şeýle-de baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
CPAPD Assosiasýasy 1985-nji ýylyň iýun aýynda dürli gyzyklanýan esasy guramalar we dürli gatlaklardan görnükli şahsyýetler tarapyndan döredilip, iň bir uly hökümete degişli bolmadyk parahatçylyk birleşigi hasaplanylýar. CPAPD guramasy BMG-niň Parahatçylyk habarçysy baýragy bilen hem sylaglanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Parahatçylyk we ýaragsyzlanmak Assosiasiýasy (CPAPD) dünýäde parahatçylygy we ýaragsyzlanmagy goldaýan milli gurama bolup çykyş edýär.
CPAPD-nyň maksatlary, dünýä parahatçylygyny goramak, ýaraglara we urşa garşy göreşmek, ýaragsyzlanmaklyga ýetmek we umumy gadagançylyga çalyşmak bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekdir. Şeýle-de, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny doly ýok etmek, daşky gurşawy goramak, sosial sazlaşygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýandyr.
CPAPD takmynan, 100 ýurtda 300-den gowrak jemgyýetçilik guramasy we gözleg edaralary bilen dürli görnüşlerde hyzmatdaşlyk hem-de alyş-çalyş edýär we halkara jemgyýetçilik guramalarynyň köptaraplaýyn işlerine işjeň gatnaşýar. Şeýle-de, dahylly alymlaryň we hünärmenleriň giň topary bilen akademik gözlegleri we derňewleri, esasan, ýaragsyzlanmak, ýaraglaryň ýaýramazlygy, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meselelerine gönükdirýär. Ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn okuw seminarlary, duşuşyklary yzygiderli geçirýär.
Assosiasiýa parahatçylyk bilimine, daşky gurşawy goramaga we garyplygy ýok etmäge bagyşlanan CPAPD, 1989-njy ýyldan bäri BMG-niň Halkara Ylym we Parahatçylyk hepdeliginiň her ýyl geçirilýän milli çäresiniň esasy hemaýatkäri bolup, parahatçylyk seýilgähini gurmak ýaly dürli jemgyýetçilik taslamalaryna, dürli sebitlerinde parahatçylyk başlangyç mekdebi, agaç nahallary, çölleşmek gözegçiligine we maksatnamalaryna başlady.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de institutlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Bu çäre hem Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlaryny we meýillerini nazara almak bilen, parahatçylygy we howpsuzlygy işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmäge itergi berer.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy
we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň
müdiriniň w.ý.ý., uly mugallym.