Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ TARYHYNDA PARFIÝANYŇ ORNY
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «MILLI MIRASYMYZ – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BERK BINÝADYDYR» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Центральная Азия и Великобритания выстраивают новую архитектонику партнерства
        • Взгляд практика на Срединный коридор: как превратить идею в коммерческий продукт
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • DIPLOMATIK PROTOKOL BOÝUNÇA GYSGA MÖHLETLI OKUWLARYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLADY
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / INSTITUTYMYZYŇ TALYPLARY HALKARA OLIMPIADADA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR
    INSTITUTYMYZYŇ TALYPLARY HALKARA OLIMPIADADA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR surady
    05/10/2026

    94

    INSTITUTYMYZYŇ TALYPLARY HALKARA OLIMPIADADA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Maliýe howpsuzlygy boýunça VI halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, halkara gatnaşyklar we ykdysadyýet ugurlary boýunça baýrakly orunlara mynasyp boldular.
    Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylan bu üstünlikler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat boldy.
    Olimpiadanyň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda çenli Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherindäki Sibir federal uniwersitetinde geçirildi. Oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 700 töweregi mekdep okuwçysy we talyp gatnaşdy. Çäräniň dowamynda maliýe howpsuzlygynda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri hem-de olar bilen baglanyşykly töwekgelçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Abraýly halkara bäsleşige Türkmenistandan ýedi ýokary okuw mekdebiniň 10 talyby gatnaşyp, halkara gatnaşyklar, hukuk, ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy ugurlary boýunça bilimlerini synadylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen talyplarynyň ikisi ýeňiji bolup, altysy baýrakly orunlara mynasyp boldy.
    Şolaryň hatarynda institutymyzyň talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew halkara gatnaşyklar ugry boýunça, Dawut Gezerow bolsa ykdysadyýet ugry boýunça baýrakly orunlary eýelediler. Bu netijeler talyplarymyzyň hünär taýýarlygynyň hem-de öz ugurlary boýunça bilimlerini halkara derejede görkezmäge ukyplydyklarynyň aýdyň beýany boldy.
    Häzirki zaman sanly ykdysadyýetinde maliýe serişdeleriniň we maglumat ulgamlarynyň kiberhowplardan goralmagy möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiberhowpsuzlygy berkitmek we bu ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler talyp ýaşlaryň halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmegine ýardam berýär.
    Olimpiadanyň dowamynda türkmen talyplary daşary ýurtly deň-duşlary bilen tejribe alyşdylar we dostlukly gatnaşyklary berkitdiler. Şeýle hem olar Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler. Talyplarymyzyň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýaşlaryň bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň we olary taýýarlan mugallymlaryň zähmetiniň netijesidir.

    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy surady

    26/09/2026

    Talybymyz — Şa serpaýyna mynasyp boldy
    Baýramçylyga bagyşlanan dabara surady

    11/09/2026

    Baýramçylyga bagyşlanan dabara
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi surady

    03/09/2026

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI