28/12/2021
840
Iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen wideoşekilli maslahat
2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi.
Oňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary – Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa we Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy-pedagogiki işleri boýunça müdiriniň orunbasary I.A.Mingazutdinow we beýlekiler gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda taraplar bu ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan ylym-bilim, okuw-terbiýeçilik işleri bilen özara tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda geljekde okuw maslahatlaryny bilelikde guramak, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.