 
                                                                                      23/12/2023
                        1657
Hukukçy talyplarymyz üstünlik gazandylar
2023-nji ýylyň  22-nji dekabrynda “Hukukçy”  hojalyk jemgyýetiniň  yglan eden raýat hem-de jenaýat işleri boýunça “Mysaly okuw” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we ýaryşyň jemi paýtagtymyzyň “Grand” myhmanhanasynda jemlendi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň,  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk hünärinde okaýan talyplaryndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň diňleýjilerinden düzülen toparlar gatnaşdylar.Okuw-tejribe görnüşinde meýilleşdirilen bäsleşige jemi 36 topar  hasaba alnyp, olardan 16-sy raýat işi boýunça, jenaýat işi boýunça bolsa 2 topar  bäsleşigiň birinji tapgyryndan geçmegi başardylar.
Bäsleşik  talyplaryň ýokary okuw mekdebinde alýan   nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmak, olaryň geljekki hünär işi üçin zerur bolan durmuş başarnyklaryny, hukuk endiklerini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda hukuk aňyýetiniň, biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşine goşant goşmak maksady bilen geçirilip, onda talyplara tejribeden alnan bir jedelli ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp seljermek we ony mysaly kazyýet önümçiligini gurnamak görnüşinde  alnyp baryldy. Institutymyzdan hem bu bäsleşige hukuk hünärinde okaýan talyplardan düzülen toparlar gatnaşyp,  “Jenaýat işi boýunça finalist topar” —  3-nji ýyl talyplarymyz Leýli Arapowa we Altyn Babyşowa, “Bäsleşigiň iň gowy dilewary”  diýen ugry boýunça 2-nji ýyl talybymyz Intizar Taganyýazowa ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji toparlara şeýle hem, beýleki gatnaşan toparlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Umuman, netijeli geçen bäsleşigiň ahyrynda talyplar şu bäsleşigi gurnan “Hukukçy” hojalyk jemgyýetine we onuň guramaçylyk toparyna özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler.
Mäneguly ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
                    	hukugy fakultetiniň  1-nji ýyl talyby.
                    
                Soňky täzelikler
 
                            12/06/2025
Ylma goýulýan hormat 
                            29/05/2025
Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi