05/09/2026
35
HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa institutyň professor-mugalymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda maslahata gatnaşmaga gelen mekdep okuwçylary bilen Türkmen diplomatiýasynyň milli muzeýinde tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary bilen ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi, olaryň türkmene mahsus bolan watançylyk, ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada gürrüňlere ünsi çekdiler.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagy ýaşlaryň aňynda we kalbynda baky orun eýeledi. Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, halkara gatnaşyklary, Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzyň milli bähbitleri, energetika, ykdysadyýet, sanly tehnologiýalar, emeli aň ýaly jemgyýetçilik durmuşynda işjeň häsiýete eýe bolan mowzuklar barada eden çuň manyly çykyşy maslahata gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy. Milli Liderimiziň 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde bagtyýar türkmen ýaşlary bilen duşuşmagy, olara atalyk öwüt-ündewlerini bermegi, ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höwesini has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň okuw sapagyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda açylan täze «Parahatçylyk we bitaraplyk» kafedrasy barada nygtap geçmegi geljekki halkaraçy hünärmenler hökmünde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlarynyň, magistrleriniň, bilim berýän mugallymlaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň dünýäde ykrar edilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, ýaşlara ýol-ýörelge, görüm-görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Şamuhammet ELÝASOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
13/06/2026
UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
10/06/2026
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi