21/10/2026
99
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, halypa diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby 2025-nji ýylda giňden bellenen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çapdan çykypdy. Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilip, ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda institutynyň prorektory Begenç Mätliýew giriş sözi bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň azerbaýjan diline terjime edilen bu kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýändigini, bu eseriň ýaş nesiller, şol sanda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin hem ylmy-edebi gollanma boljakdygyny buýsanç bilen belledi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekowyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Kaýylmuhammet Ýazmuhammedowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Güljahan Amanberdiýewanyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň ýokary ähmiýetini nygtadylar. Şunda bu ajaýyp eseriň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat etjekdigi, täze neşiriň diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasyndan däl-de, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasyndan hem orun aljakdygy aýratyn bellenildi.
Şeýle-de çykyş edenler azerbaýjan alymlarynyň, terjimeçileriniň bu kitaby öz ene diline geçirmekde görkezen yhlasy olaryň türkmen medeniýetine, alyp barýan daşary syýasatyna bolan çuňňur hormatynyň alamatydyr. Bu kitap arkaly azerbaýjan halky türkmen pelsepesi, döwlet dolandyryş tejribesi baradaky maglumatlary we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer garaýyşlaryny öz dillerinde okap, ruhy lezzet aljakdygyna berk ynanýarys. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary mundan beýläk-de bu ajaýyp eseriň ylmy we diplomatik ähmiýetine has-da üns bererler diýip, aýratyn nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs gutlap, döredip berýän mümkinçilikleri üçin hoşallyk bildirdiler.
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby