21/05/2021
494
Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň rus dilinde neşir edilen “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Institutyň baş binasynda myhmanlara “Ruhubelent” kwartet toparynyň ýerine ýetirmeginde şirin mukamlar ýaňlandy. Şeýle hem paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi, hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň rus dilindäki neşiri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Dabarany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew alyp bardy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gülälek Çopanowa çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň rus dilinde neşir edilmeginiň türkmen-rus gatnaşyklarynyň, iki halkyň arasyndaky dostlugyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ýene bir tassyklamasydygyny nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Aýgül MÄTIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.