08/09/2026
100
AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANYP «TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli gymmatlygymyz bolan behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we atşynaslyk sungatyny Ýer ýüzünde dabaralandyrýan halkara başlangyçlarynyň hem-de nusgalyk işleriniň taryhy ähmiýetine bagyşlanan «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenleri we metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen bedewiniň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen taýsyz tagallalary, halkara başlangyçlary hem-de atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän nusgalyk işleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyşlarda türkmen bedewiniň halkymyzyň taryhynda, milli medeniýetinde, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda, edebiýatda hem-de golýazma mirasynda tutýan orny, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we atşynaslyk däplerini ylmy esasda ösdürmek meselelerine aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem atly sporty, atçylyk syýahatçylygyny we milli at üstündäki oýunlary ösdürmegiň, bu pudaga häzirki zaman ylmy usullarydyr sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, milli gymmatlyklarymyzy daşary ýurt dillerinde, metbugatda we sanly giňişlikde täsirli wagyz etmegiň ähmiýeti nygtaldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly, at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen bu söhbetdeşlikde ylym, bilim, sungat, atçylyk we žurnalistika ugurlarynyň özara utgaşykly işiniň türkmen atşynaslyk mirasyny geljek nesillere ýetirmekde hem-de dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek we behişdi ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
08/09/2026
WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
05/09/2026
HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI