18/09/2026
370
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINDE GEÇIRILEN DABARALY MASLAHAT
2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Gahrymany, syýasy ylymlaryň doktory Aksoltan Ataýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Allaberdi Aşirow, Türkmenistanyň Bilim ministri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maral Kuliýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň prorektory Azat Babaýew hem-de koreý dilinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Döwletowa çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýändigi barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň sammitiň dowamynda eden çykyşynda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk häzirki wagtda möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, bu babatda “Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy” şygary bilen geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik sammitiň möhüm waka boljakdygy barada nygtandygyny dabaranyň dowamynda çykyş edenler buýsanç bilen aýtdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: “Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris” diýip bellemegi bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge itergi berjekdigi barada hem aýratyn nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”, şeýle-de “Ýaş zehinler” maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip edendigi dogrusynda maslahatyň dowamynda aýdylyp geçildi.
Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 600 ýyldan gowrak taryhy bolan meşhur Songýungwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom tarapyndan hormatly Prezidentimize baý syýasy tejribesini, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşini ýola goýandygyny hem-de Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň karary bilen syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi barada dabaraly maslahata gatnaşyjylar buýsanç bilen bellediler.
Ýeri gelende bellesek, 1957-nji ýyldan bäri bu ýokary dereje bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza berilipdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy
Soňky täzelikler
08/09/2026
WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
05/09/2026
HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI