01/10/2026
27
HALKARA ÝAŞULULAR GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň bilelikde guramagynda Halkara ýaşulular güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary, talyplary we myhmanlar gatnaşdylar.
Dabarada institutyň ýolbaşçylary çykyş edip, ýaşuly nesliň jemgyýetimizdäki orny, olaryň ýaşlara berýän terbiýeçilik mekdebi, halypalyk ýoly, milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde bitirýän uly hyzmatlary barada belläp, olary baýramçylyk bilen gutladylar. Şeýle hem Halkara ýaşulular gününiň baýramçylyk ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler.
Çäräniň iň dabaraly pursatlarynda institutda köp ýylyň dowamynda yhlasly zähmet çekip gelýän ýaşuly professor-mugallymlara hem-de işgärlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby