14/08/2026
65
HAZARYŇ DOSTLUK MUKAMY DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR
Daň şapagynyň tylla şöhleleriniň gojaman Hazaryň gözelligi bilen birleşýän pursatlary kalbyňa ylham eçilýär. Bu ýerde erkana ganat ýaýýan çarlak guşlaryň owazyna, joşgunly tolkunlaryň mukamyna diň salanyňda göwnüň heýjana gelip, bagtyýar, abadan durmuşa bolan buýsanç duýgulary seriňe dolýar. Hazar — dost-doganlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň deňzi. Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi hem deňziň ekologik meselelerini çözmek, onuň biologik köpdürlüligini, özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerinde «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» diýip belläp geçen Hazar deňzi dünýäde iň uly köl hökmünde tanalýar. Maglumatlara ýüzlensek, bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi şu ýerde jemlenendir. Hazarda guşlaryň 300-den gowrak görnüşi gabat gelýär. Ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň we süýrenijileriň köp görnüşi bar. Bu sebitde başga hiç ýerde duş gelmeýän Hazar düwleni hem ýaşaýar. Häzirki wagtda deňziň biodürlüligini, ekologiýa taýdan arassalygyny gorap saklamakda «Hazar» döwlet tebigy goraghanasynda degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şeýle işler ekologiýa howpsuzlygynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça başlanan taslama tamamlandy. 2003-nji ýylda bolsa Hazarýaka ýurtlary — Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) gol çekdiler. Ol 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda resmi taýdan güýje girdi. Konwensiýanyň esasy maksady Hazaryň deňiz gurşawyny dürli hapalanmalardan goramakdan ybarat bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl BMG-niň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran Konwensiýasynyň resmi taýdan güýje girendigine 20 ýyl doldy. Geçilen döwürde Hazarýaka döwletleriň arasynda dürli ugurlarda dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bu babatda 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň bäşinji sammitiniň barşynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Hazar deňzi geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin hem ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip örän jaýdar belleýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy hem ýurdumyzyň Hazar deňziniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda yzygiderli tagallalar edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem dürli halkara forumlaryň, sergilerdir dabaraly çäreleriň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. Munuň şeýledigini geçen ýylyň awgust aýynda uly üstünliklere beslenip geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahaty ýaly iri çäreler hem doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Goý, Hazar tolkunlarynyň parahatlyk mukamy tutuş ynsanyýeti agzybirlige, jebislige, abadan durmuşa çagyryş senasy bolup, dünýä ýüzüne hemişe ýaň salsyn!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Çeşme: «Esger» gazeti, 13.08.2026ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/246703
Soňky täzelikler
10/08/2026
Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi
04/08/2026
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip
01/08/2026
YNSAN SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAŞ ALADASY