
19
Halkara ýoga güni
Halkara ýoga güni – halkara derejesinde her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Bu baýram ilkinji gezek 2014-nji ýylda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan yglan edildi. Şondan bäri dünýäniň dört tarapyndan millionlarça adam ýoganyň fiziki we ruhy peýdalaryny ýaýratmak üçin birleşýärler. Ýoga – müňlerçe ýyl ozal Hindistanda dörän gadymy amaldyr. Bu diňe bir bedeni maşk däl, eýsem sagdynlygyň we durnuklylygyň bitewi ýoludyr. “Ýoga” sözi sanskrit dilindäki “yuj” sözünden gelip çykyp, ol “birikmek” ýa-da “bileleşmek” diýmegi aňladýar. Ýoga bedeniň çeýeligini, güýç-gaýratyny we deňagramlylygyny ösdürýär, beýniniň aramlylygyny hem-de ruhy durnuklylygy üpjün edýär. Şeýle hem stres, alada we ruhy çökgünlik ýaly ýagdaýlara garşy göreşmäge kömek edýär. Halkara ýoga güni – diňe bir gadymy medeniýetiň baýramy däl, eýsem sagdyn we deňagramly durmuş ýörelgesine ündewdir. Bu gün dürli ýaşdaky we dürli halkdaky adamlary bedeni we ruhy taýdan berk bolmaga çagyrýar. Häzirki wagtda adamlaryň köpüsi stres we durmuş derejesine degişli keseller bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýoga bolsa, olaryň saglygyny dikeltmäge, agzybirlikde ýaşamaga ýol görkezýär. Halkara Ýoga gününe gatnaşmak bilen biz diňe bir geçmişimize hormat goýman, eýsem sagdyn gelejek üçin bilelikde hereket edýäris.
Ýeri gelende bellesek, 2015-nji ýyldan bäri Aşgabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» sport toplumynda ýoga merkezi hereket edýär. Merkez her ýyl halkara ýoga güni mynasybetli dabaralary geçirýär. Ýoga bejergisiniň M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetinde aýratyn ders hökmünde öwrenilýändigini bellemek gerek.
Laçyn TEKEDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

01/06/2025
TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
31/05/2025
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni