30/11/-0001
819
Halkara ulag ulgamyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
2022-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag üstaşyr mümkinçilikleri babatda Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň ulag logistika ulgamynyň wekilleri, «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň agzalary we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Sähra Amanowa, «Aziýa ulaglary» hususy kärhanasynyň direktory Oleg Borisowiç we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ulag pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa üstünlikli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň täze belent sepgitlere çykandygyny nygtap aýtdylar. Çykyş edenler şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy daşary syýasatymyzy ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Ylmy-amaly maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, seminarlaryň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi. Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary ulag-logistika ulgamynyň işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Begendik DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.