Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / Halkara terjimeçilik gününe bagyşlanyp geçirilen okuw sapagy
    Halkara terjimeçilik gününe bagyşlanyp geçirilen okuw sapagy surady
    30/11/-0001

    1157

    Halkara terjimeçilik gününe bagyşlanyp geçirilen okuw sapagy

    2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Çemen Baýryýewanyň gurnamagynda institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary bilen Halkara terjimeçilik gününe bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi. Bilşimiz ýaly, her ýylyň 30-njy sentýabrynda bellenilip geçilýän bu baýramçylyk dilden we ýazuw arkaly terjime edýän terjimeçileriň hünär baýramçylygydyr. 1991-nji ýylda Terjimeçileriň halkara federasiýasy (FIT) 30-njy sentýabry Halkara terjimeçileriň güni diýip yglan etdi. Şeýle hem, 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynda Halkara terjimeçiler güni barada Kararnama guramanyň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamada dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, halklaryň arasynda özara düşünişmekligi ýola goýmakda, terjimäniň ähmiýetiniň uludygy aýratyn bellenilip geçilýär.
    Sapagyň dowamynda talyplar bu aýratyn günüň ähmiýeti, terjimäniň görnüşleri, şeýle hem aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Mundan başga-da, mugallymyň tabşyrygy esasynda dürli ýumuşlaryň kömegi bilen terjimäniň nazaryýetini we amalyýetini öwrendiler hem-de dürli dillerde (Türkmen- Iňlis, Iňlis- Rus) ýumuşlary terjime edip, diliň grammatiki, leksiki, stilistiki kadalaryna eýerip, dil serişdelerini dogry ulanmagy başarmalydyklaryna göz ýetirdiler.
    Sapagyň ahyrynda talyplar terjimeçilik babatda özlerini gyzyklandyrýan soraglary ara alyp maslahatlaşdylar we halypa mugallyma beren gyzykly maglumatlary üçin sagbolsun aýtdylar.

    Akgözel RASULOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän  «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç surady

    29/12/2025

    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç
    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi surady

    22/12/2025

    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI