Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • YLYM-BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
        • ASTRAHAN DÖWLET UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
        • HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA TÜRKMEN-ERMENI HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменистан-Польша: сотрудничество ради мира и прогресса
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    20/02/2026

    2499

    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahaty geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary syýasat edarasynyň işgärleri, halypa diplomatlar, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary tarapyndan guralan hem-de halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerini, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini wagyz edýän amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary şekillendirilen sergi ýaýbaňlandyryldy. Soňra baýramçylyk maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagy diňlenildi. Onda baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişliginde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär.
    Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadzeniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlonyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň çykyşlary diňlenildi. Maslahaty alyp bardy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa alyp bardy.
    Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Maslahatda çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň sebit hem-de halkara derejesinde dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtadylar. Bu ugurda durmuş, ykdysady, ekologiýa we häzirki döwrüň beýleki derwaýys meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynyň derwaýys orny bellenilip geçildi.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de mundan beýlägem öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
    Soňra bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň çeper-höwesjeňler toparynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi. Talyplaryň dürli dillerde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary esasy dabaralar bilen utgaşdy. Myhmanlara ýakymly duýgulary bagyşlan bu baýramçylyk konserti Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
    Maslahat we baýramçylyk konserti tamamlananyndan soňra myhmanlar üçin agzaçar sadakasy berildi.

    Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/226884

    Soňky täzelikler

    Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty surady

    27/03/2026

    Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty
    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    19/03/2026

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
    Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre surady

    18/03/2026

    Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI