20/12/2024
142
Halkara raýdaşlyk güni
Bütindünýäde bellenilip geçilýän birnäçe halkara günleriň umumadamzat ähmiýetli wajyp meseleleriň çözülmeginde, olar boýunça adamlaryň bilimleriniň we düşünjeliliginiň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bar. Şeýle günleriň iri halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilmegi bolsa olaryň netijeliligini has hem ýokarlandyrýar.
2006-njy ýyldan bäri her ýylyň 20-nji dekabry Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy esasynda bütindünýäde Halkara raýdaşlyk güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Raýdaşlyk belli bir mesele, iş, hereket boýunça pikirdeş, duýgudaş bolmaklygy aňladýan ýokary derejeli adamkärçilik sypatlarynyň biridir. Halkara raýdaşlyk gününiň bellenilip geçilmeginiň esasy maksady hem adamlarda birek-biregi sylamak, özara düşünişmek, bir-biregiň dürli düşünjelerine, pikir-garaýyşlaryna hormat goýmak ýaly ynsanperwer häsiýetleri kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ynsanlary jebisleşdirmekde, umumy jogapkärçilik duýgusyny ösdürmekde, garyplygy ýok etmek ugrundaky göreşe ýardam bermekde Halkara raýdaşlyk gününiň örän uly ähmiýeti bar.
Her bir döwlet, jemgyýet maşgaladan, maşgala bolsa adamlardan düzülýär. Her bir adamyň durmuşynda bolup geçýän kynçylyk beýleki bir adamyň durmuşyna hem täsirini ýetirýär. Ata-babalarymyz kyn günde bir-birege ýardam bermegi, raýdaşlyk, duýgudaşlyk etmegi asylly häsiýetler hasaplapdyrlar. Gündogaryň beýik söz ussady, filosof, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýen setirleri hem türkmen halkynyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerinden nyşandyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýörelgelerine görä garyplykdan, dürli kynçylyklardan ejir çekýän adamlara raýdaşlyk edilmelidir. Milletleriň dünýä bileleşiginiň döredilmegi parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny we durmuş-ykdysady ösüşi goramak üçin dünýä halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga, olaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, raýdaşlyk duýgularyny ösdürmage ýardam berdi.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.