
07/04/2025
456
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY: SEBIT SUW HYZMATDAŞLYGYNYŇ BINÝADY
Soňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde
ygtybarly orun aldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw —
Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi hem dünýä
jemgyýetçiliginiň ünsüni suw serişdeleriniň netijeli hem-de aýawly ulanylmagy bilen suw
ýetmezçiligi, suw gytçylygy ýaly gaýragoýulmasyz meseleleriň öňüni alynmagyna
gönükdirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň suw
serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy we peýdalanylmagy ulgamyndaky syýasaty öz
nobatynda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga,
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hemmetaraplaýyn daýanýar.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-
nji mejlisinde eden çykyşynyň barşynda hem suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli
dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň
durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni bagly bolup
durýandygyny aýratyn nygtady.
2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Suw Kodeksi, 2010-njy ýylda kabul
edilen Agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanuny şeýle-de, suwdan we suw
serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünlerini berkidýän döwletimiziň içerki kanunçylygy
suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy arkaly, ýurdumyzda suw ulgamynda howpsuzlygyň
döredilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem daşky gurşawy goramak,
tebigata aýawly garamak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, türkmen halky üçin oňaýly
ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly
peýdalanmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 180-nji Karary
bilen tassyklanan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasy Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk
ýörelgelerini, ileri tutulýan ugurlaryny, baş maksatlaryny we wezipelerini utgaşdyrýan
derwaýys garaýyşlaryň ulgamy emele getirýär. Konsepsiýanyň maksatlaryndan ugur alýan
esasy wezipeleriniň biri daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde
dostlukly, açyk, köpugurly, milli bähbitleriň gapma-garşylyksyz ileri tutulmagyna hormat
goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara birleşikler we halkara guramalar hem-de
forumlar bilen toplumlaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Hususan-da, bu
Konsepsiýada ekologiýa howpsuzlygy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak
meselelerine aýratyn orun degişlidir.
Konsepsiýada serhetüsti derýalaryň suwunyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna
we düzgünlerine laýyklykda ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan suw
diplomatiýasyny netijeli alyp barmaga ygrarlydygy kesgitlenilýär we sebitde ekologiýa
ýagdaýyň durnukly saklanylmagyna ýardam etjek çäreleriň guralmagyna işjeň
gatnaşjakdygy bellenilýär.
Bulardan başga-da, 2008-nji ýylda tassyklanan, Türkmenistanyň Hazar boýunça
hereketleriniň Milli meýilnamasynda, 2018-nji ýylda tassyklanan 2018-2030-njy ýyllarda
Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň, Türkmenistanda
ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Milli
maksatnamasynyň we şol maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek
boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän
çäreler ýurdumyzyň ekologiýa babatynda oýlanyşykly we uzak möhletleýin döwlet
syýasatyny alyp barýandygyna şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen
Gahryman Arkadagymyzyň arasynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy
ugurlary, suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada
Türkmenistanyň garaýyşlary barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda
Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň esasy kadalary
barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Sebitde suw serişdeleri barada halkara
hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek» barada aýdan sözlerini
ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar
edýändigi hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda berkidilen
konstitusion kadasy bilen düşündirip bolar. Bu konstitusion kada sebitiň serhetüsti suwlary
baradaky halkara gatnaşyklarynyň hem esasyny düzýär. Ýurdumyz tarapyndan halkara
derejesinde berilýän her bir başlangyçlaryň gözbaşynda hem halkara hukugynyň umumy
ykrar edilen kadalarynyň durýandygy bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Suwdan
peýdalanmak umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler
Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydygy» baradaky sözlerini
ýurdumyzyň 2008-nji ýylyň 22-nji fewralynda «Halkara ähmiýetli, esasan-da suwda ýüzýän
guşlaryň ýaşaýan suwly-batgalyk ýerleri hakyndaky Ramsar», 2012-nji ýylyň 4-nji
awgustynda «Serhetüsti suwakarlary we halkara kölleri goramak we peýdalanmak boýunça
Helsinki» konwensiýalaryna, galyberse-de ýene-de birnäçe halkara ähmiýetli
konwensiýalara goşulandygy bilen berkitmek bolar. Türkmenistan halkara
konwensiýalaryna goşulmak bilen ondan gelip çykýan hukuklary we borçlary berjaý
etmekde birnäçe döwlet syýasatyny alyp barýar.
«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen söhbetdeşlikde
Gahryman Arkadagymyzyň «Suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup
durýandygy» barada hem belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerini
ýurdumyzyň BMG-niň Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynda yglan edilen adamyň
hukuklaryny üpjün etmeklige we goramaklyga gönükdirilen esasy ýörelgeleri we
institutlary birleşdirýän halkara ynsanperwerlik hukugy çygrynda öz borçnamalaryny
gürrüňsiz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde dünýä tanalan Türkmenistanyň serhetüsti
suwlar baradaky döwlet syýasatynyň beýany hökmünde görmek bolar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2018 — 2028-nji ýyllarda Durnukly
ösüş üçin suw», «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi
üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak», «BMG
bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly we beýleki
rezolýusiýalary ýaly, iri halkara-syýasy başlangyçlary işläp taýýarlamakda we durmuşa
geçirmekde esasan hem adam hukuklaryndan ugur alynýandygy aýratyn üns berilmäge
mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen dünýä
gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit
hyzmatdaşlygy, şeýle-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada
bolan söhbetdeşliginiň bolmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly
gyzyklanmalarynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete
eýediginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň
güwäsidir.
Aýjan OMAROWA,
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň mugallymy