
07/04/2025
395
HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY: SEBIT SUW HYZMATDAŞLYGYNYŇ BINÝADY
Soňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde ygtybarly orun aldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw — Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni suw serişdeleriniň netijeli hem-de aýawly ulanylmagy bilen suw ýetmezçiligi, suw gytçylygy ýaly gaýragoýulmasyz meseleleriň öňüni alynmagyna gönükdirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy we peýdalanylmagy ulgamyndaky syýasaty öz nobatynda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hemmetaraplaýyn daýanýar.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73- nji mejlisinde eden çykyşynyň barşynda hem suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni bagly bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Suw Kodeksi, 2010-njy ýylda kabul edilen Agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanuny şeýle-de, suwdan we suw serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünlerini berkidýän döwletimiziň içerki kanunçylygy suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy arkaly, ýurdumyzda suw ulgamynda howpsuzlygyň döredilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, türkmen halky üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 180-nji Karary bilen tassyklanan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgelerini, ileri tutulýan ugurlaryny, baş maksatlaryny we wezipelerini utgaşdyrýan derwaýys garaýyşlaryň ulgamy emele getirýär. Konsepsiýanyň maksatlaryndan ugur alýan esasy wezipeleriniň biri daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, açyk, köpugurly, milli bähbitleriň gapma-garşylyksyz ileri tutulmagyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara birleşikler we halkara guramalar hem-de forumlar bilen toplumlaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Hususan-da, bu Konsepsiýada ekologiýa howpsuzlygy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn orun degişlidir.
Konsepsiýada serhetüsti derýalaryň suwunyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan suw diplomatiýasyny netijeli alyp barmaga ygrarlydygy kesgitlenilýär we sebitde ekologiýa ýagdaýyň durnukly saklanylmagyna ýardam etjek çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşjakdygy bellenilýär.
Bulardan başga-da, 2008-nji ýylda tassyklanan, Türkmenistanyň Hazar boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasynda, 2018-nji ýylda tassyklanan 2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we şol maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çäreler ýurdumyzyň ekologiýa babatynda oýlanyşykly we uzak möhletleýin döwlet syýasatyny alyp barýandygyna şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen Gahryman Arkadagymyzyň arasynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlary barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň esasy kadalary barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Sebitde suw serişdeleri barada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek» barada aýdan sözlerini ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda berkidilen konstitusion kadasy bilen düşündirip bolar. Bu konstitusion kada sebitiň serhetüsti suwlary baradaky halkara gatnaşyklarynyň hem esasyny düzýär. Ýurdumyz tarapyndan halkara derejesinde berilýän her bir başlangyçlaryň gözbaşynda hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň durýandygy bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Suwdan peýdalanmak umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydygy» baradaky sözlerini ýurdumyzyň 2008-nji ýylyň 22-nji fewralynda «Halkara ähmiýetli, esasan-da suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan suwly-batgalyk ýerleri hakyndaky Ramsar», 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Serhetüsti suwakarlary we halkara kölleri goramak we peýdalanmak boýunça Helsinki» konwensiýalaryna, galyberse-de ýene-de birnäçe halkara ähmiýetli konwensiýalara goşulandygy bilen berkitmek bolar. Türkmenistan halkara konwensiýalaryna goşulmak bilen ondan gelip çykýan hukuklary we borçlary berjaý etmekde birnäçe döwlet syýasatyny alyp barýar.
«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup durýandygy» barada hem belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerini ýurdumyzyň BMG-niň Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynda yglan edilen adamyň hukuklaryny üpjün etmeklige we goramaklyga gönükdirilen esasy ýörelgeleri we institutlary birleşdirýän halkara ynsanperwerlik hukugy çygrynda öz borçnamalaryny gürrüňsiz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde dünýä tanalan Türkmenistanyň serhetüsti suwlar baradaky döwlet syýasatynyň beýany hökmünde görmek bolar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2018 — 2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw», «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak», «BMG bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly we beýleki rezolýusiýalary ýaly, iri halkara-syýasy başlangyçlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde esasan hem adam hukuklaryndan ugur alynýandygy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy, şeýle-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada bolan söhbetdeşliginiň bolmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Aýjan OMAROWA,
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallymySoňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde ygtybarly orun aldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw — Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni suw serişdeleriniň netijeli hem-de aýawly ulanylmagy bilen suw ýetmezçiligi, suw gytçylygy ýaly gaýragoýulmasyz meseleleriň öňüni alynmagyna gönükdirmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy we peýdalanylmagy ulgamyndaky syýasaty öz nobatynda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hemmetaraplaýyn daýanýar.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73- nji mejlisinde eden çykyşynyň barşynda hem suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni bagly bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
2016-njy ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Suw Kodeksi, 2010-njy ýylda kabul edilen Agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanuny şeýle-de, suwdan we suw serişdelerinden peýdalanmagyň düzgünlerini berkidýän döwletimiziň içerki kanunçylygy suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy arkaly, ýurdumyzda suw ulgamynda howpsuzlygyň döredilmegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy baýlyklary gorap saklamak, türkmen halky üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak esasy maksatlar hökmünde kesgitlendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran 180-nji Karary bilen tassyklanan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgelerini, ileri tutulýan ugurlaryny, baş maksatlaryny we wezipelerini utgaşdyrýan derwaýys garaýyşlaryň ulgamy emele getirýär. Konsepsiýanyň maksatlaryndan ugur alýan esasy wezipeleriniň biri daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, açyk, köpugurly, milli bähbitleriň gapma-garşylyksyz ileri tutulmagyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara birleşikler we halkara guramalar hem-de forumlar bilen toplumlaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Hususan-da, bu Konsepsiýada ekologiýa howpsuzlygy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn orun degişlidir.
Konsepsiýada serhetüsti derýalaryň suwunyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan suw diplomatiýasyny netijeli alyp barmaga ygrarlydygy kesgitlenilýär we sebitde ekologiýa ýagdaýyň durnukly saklanylmagyna ýardam etjek çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşjakdygy bellenilýär.
Bulardan başga-da, 2008-nji ýylda tassyklanan, Türkmenistanyň Hazar boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasynda, 2018-nji ýylda tassyklanan 2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň, Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we şol maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çäreler ýurdumyzyň ekologiýa babatynda oýlanyşykly we uzak möhletleýin döwlet syýasatyny alyp barýandygyna şaýatlyk edýär.
Bilşimiz ýaly, «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen Gahryman Arkadagymyzyň arasynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlary barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada suw meselesine seretmegiň esasy kadalary barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Sebitde suw serişdeleri barada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmek» barada aýdan sözlerini ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýändigi hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasynda berkidilen konstitusion kadasy bilen düşündirip bolar. Bu konstitusion kada sebitiň serhetüsti suwlary baradaky halkara gatnaşyklarynyň hem esasyny düzýär. Ýurdumyz tarapyndan halkara derejesinde berilýän her bir başlangyçlaryň gözbaşynda hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň durýandygy bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Suwdan peýdalanmak umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň esasynda ýola goýulmalydygy» baradaky sözlerini ýurdumyzyň 2008-nji ýylyň 22-nji fewralynda «Halkara ähmiýetli, esasan-da suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan suwly-batgalyk ýerleri hakyndaky Ramsar», 2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Serhetüsti suwakarlary we halkara kölleri goramak we peýdalanmak boýunça Helsinki» konwensiýalaryna, galyberse-de ýene-de birnäçe halkara ähmiýetli konwensiýalara goşulandygy bilen berkitmek bolar. Türkmenistan halkara konwensiýalaryna goşulmak bilen ondan gelip çykýan hukuklary we borçlary berjaý etmekde birnäçe döwlet syýasatyny alyp barýar.
«Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelli bilen söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Suw serişdeleriniň bütin adamzadyň umumy baýlygy bolup durýandygy» barada hem belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerini ýurdumyzyň BMG-niň Adam hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynda yglan edilen adamyň hukuklaryny üpjün etmeklige we goramaklyga gönükdirilen esasy ýörelgeleri we institutlary birleşdirýän halkara ynsanperwerlik hukugy çygrynda öz borçnamalaryny gürrüňsiz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde dünýä tanalan Türkmenistanyň serhetüsti suwlar baradaky döwlet syýasatynyň beýany hökmünde görmek bolar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2018 — 2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw», «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak», «BMG bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly we beýleki rezolýusiýalary ýaly, iri halkara-syýasy başlangyçlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde esasan hem adam hukuklaryndan ugur alynýandygy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Euronews» telekompaniýasynyň habarçysy bilen dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy, şeýle-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada bolan söhbetdeşliginiň bolmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Aýjan OMAROWA,
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallymy
Последние новости

11/04/2025
Поговорим по-французски
09/04/2025
IŇ GYMMATLY HAZYNA – YNSANPERWERLIK