Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Halkara parahatçylyk güni
    Halkara parahatçylyk güni surady
    30/11/-0001

    1116

    Halkara parahatçylyk güni

    1981-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 36/67 belgili Karary esasynda her ýylyň “Sentýabr aýynyň üçünji sişenbesi – parahatçylyk güni” diýip yglan edilýär. Şondan 20 ýyl soň, 2001-nji ýylda BMG-niň biragyzdan kabul edilen 55/282 belgili Kararynyň netijesinde 2002-nji ýyldan bäri, Halkara parahatçylyk güni her ýylyň 21-nji sentýabrynda ählumumy ýaraşyk we zorluksyz gün hökmünde bütin dünýäde bellenilip geçilýär. Şeýle-de bu sene ähli yurtlaryň arasynda milli we halkara derejesinde parahatçylyk pikirlerini we başlangyçlaryny pugtalandyrýan gün hökmünde yglan edilýär.

    Halkara parahatçylyk gününiň “Parahatçylyk kepderisi” atly nyşanynyň bolmagy bu baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Aslynda, bu nyşan Pablo Pikasso tarapyndan 1949-njy ýylda bolup geçen ilkinji dünýäde parahatçylygy goldaýanlaryň gurultaýy üçin döredilýär. Halkara parahatçylyk gününde dünýäniň dürli künjeginde “parahatçylyk” mowzugyna bagyşlanan çäreler, baýramçylyk dabaralary gurnalýar. Şol ýurtlar bilen birlikde dünýäde bitaraplyk ýörelgesi esasynda parahatsöýüjiligi we ynanyşmagy goldaýan ata Watanymyz Türkmenistan hem öz işjeňligini görkezýär. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy esasynda “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň biragyzdan goldanylmagynyň mysalynda hem aýdyp bileris. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň diňe bir parahatçylykly ýurt bolman, eýsem ähli ugurlar boýunça syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik we bilim ugurlary boýunça daşary ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyk saklaýan ýurtdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň edara binasynyň biziň ýurdumyzda ýerleşmegi hem parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy pugtalandyrmak boýunça biziň umumy tagallalarymyza mynasyp goşandynyň bolmagydyr.

    Gülsenem HOMMADOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

    kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI