Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Halkara hytaý diliniň güni
    Halkara hytaý diliniň güni surady
    30/11/-0001

    777

    Halkara hytaý diliniň güni

    Her ýylyň 20-nji aprelinde bellenilýän Halkara hytaý dili güni (hytaýça 聯合國 中文 日) BMG-niň beýleki resmi dilleriniň günleri bilen bir wagtda 2010-njy ýylda döredildi. BMG-niň dil günleriniň maksady köp dilliligi we medeni dürlüligi ösdürmek, şeýle hem guramanyň ulgamynda alty sany resmi diliň ulanylmagy üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmekden ybaratdyr.
    Hytaý diliniň güni hytaý ýazuwyny esaslandyryjy Çang Jiniň hatyrasyna bellenilýär. Rowaýata görä, ol imperator Huang Diniň kazyýet taryhçysy bolup, soňra ieroglifleriň esasyna öwrülen piktogrammalar toplumyny döredipdir. Çang Jiniň ady miladydan öňki III asyryň «Ksun Tzu» filosofiki traktatynda ilkinji gezek agzalýar. Onda: «Ýazuw döretmek üçin köp synag geçirildi. Ýöne diňe Çang Jie tarapyndan döredilen alamatlar kabul edildi we ol şu güne çenli ulanylyp gelinýär» diýlip ýazylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen gadymy alym Çang Jie mifologiki aýratynlyklara eýe bolupdyr.
    Dünýäde bar bolan iň gadymy dilleriň biri bolan hytaý ýazuwy dünýäde iň kyn ýazuw hasaplanýar. Bu diliň baýlygyny görkezmek üçin takmynan, 80 müň ieroglif ulanylýar. Şeýle-de bolsa, gündelik ulanmak üçin 3-5 müň ieroglif simwollary bilmek ýeterlikdir diýip aýdylýar.
    Hytaý dili Hytaýyň, Taýwanyň we Singapuryň resmi dilidir. Umumy alanyňda, dünýäde 1,3 milliarddan gowrak adam bu dilde gürleýär. Ene dilinde gürleýänleriň köp bolmagy hytaý diliniň BMG-niň alty resmi we iň işjeň ulanylýan dilleriniň hataryna goşulmagyna sebäp bolýar.
    BMG-niň sekretariaty her ýyl Dil günlerine bagyşlanan çäreleri geçirýär. Hytaý dili güni adatça, Asman imperiýasynyň ussalarynyň döreden sungat eserleriniň sergilerini, söweş sungat mekdepleriniň konsertlerini we görkeziş çykyşlaryny geçirýär.
    BMG-niň halkara dilleriniň biri hökmünde Hytaý dili biziň ýurdumyzda hem birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerimizde çuňlaşdyrylyp öwredilýär.
    Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hytaý dili we edebiýaty hünäri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň beýleki halkara dilleri bilen birlikde hytaý dili hem öwredilýär. Şeýle-de hususy okuw merkezlerinde hytaý dili boýunça ýörite kurslar hereket edýär.

    Eneş ATAJANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI