Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / HALKARA DEREJESINDÄKI YKRARNAMA
    HALKARA DEREJESINDÄKI YKRARNAMA surady
    30/11/-0001

    1104

    HALKARA DEREJESINDÄKI YKRARNAMA

    2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we institutyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahatyň dowamynda institutyň rektory J. Gurbangeldiýew bu wajyp, döwlet ähmiýetli ykrarnamanyň gelip gowuşmagy bilen gutlap, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygy, tebigaty we daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde uly gollanma tapýandygyny belledi. Soňra BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş edip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýandygyny, şeýle köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmekligiň Türkmenistanda ýörite Milli tokaý maksatnamasy esasynda guramaçylykly alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle-de halkymyzy, maslahata gatnaşyjylary bu ulgamda ýetilen sepgitler üçin berlen halkara ykrarnamasy bilen gutlady. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda tebigaty goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem ýokary netijeleri berjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory N. Şihlyýew hem öz çykyşynda ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýändigini, şu ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň hem Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýändigini belledi.
    Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew hem ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini belläp, bu daşary syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlady. Bag ekmegiň tebigatymyz we ynsan saglygy üçin örän peýdalydygy hakynda nygtady.
    Şeýle hem maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň w.w.ýe.ýe., filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O. Ezimowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Zoologiýa kafedrasynyň mugallymy R.Saparmyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýüpekçilik we ösümlikleri goramak kafedrasynyň mugallymy M. Çopanow çykyş edip, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak üçin alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
    Maslahata gatnaşyjylar halkara derejesindäki güwänama bilen hormatly Prezidentimizi we halkymyzy gutladylar. Hormatly Prezidentimize tebigaty we daşky gurşawy goramakda, ekologiýa howpsuzlygyny gazanmakda alyp barýan döwlet hem-de halkara ähmiýetli işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
    Aýna BAÝMURADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
    uly mugallymy.
    Bu barada okap bilersiňiz:
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62630/bmg-nin-guwanamasy-turkmenistanyn-ekologiya-syyasatynyn-ustunliginin-ykrar-edilmegidir

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI