Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Halkara bäsleşige badalga berildi
    Halkara bäsleşige badalga berildi surady
    27/05/2024

    793

    Halkara bäsleşige badalga berildi

    Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Daşary ýurtly talyplaryň we magistrleriň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilýän bäsleşige gatnaşmak üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden wekiller paýtagtymyza geldiler. Bäsleşige ady agzalan döwletlerden 40-a golaý, ýurdumyzdan bolsa 200-den gowrak talyp we magistr gatnaşýar.
    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu bäsleşigiň maksady BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gelip çykýan ýörelgeleri, halkara dialog medeniýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat bolup, ol ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilýär. Onuň emin agzalary ýurdumyzyň we bäsleşige gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlaryndan düzüldi.
    Ýekebara görnüşde test boýunça sowallar, ýumuşlar we meseleler çözüler. Bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda bolsa gatnaşyjylar toparlaýyn görnüşde ýumuşlary we meseleleri çözmekde özara bäsleşerler. Gatnaşyjylaryň bilelikdäki «breýn-ring» bäsleşigini hem geçirmek meýilleşdirilýär. Şunda 1 sagat 30 minut özara çekişmeler, jemleýji teklibi taýýarlamak, ylalaşmak we gutarnykly görnüşde hödürlemek üçin goşmaça 30 minut göz öňünde tutulýar. Bu tapgyryň esasy wezipesi halkara we sebit ýagdaýlarynyň derwaýys meselelerini seljermek bolup durýar.
    Bäsleşigiň netijesi toplanan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Ýeňijiler altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar.
    — Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary bilim ulgamynda hem işjeň ösdürilýär. Şunda halkara derejeli olimpiadalardyr maslahatlara möhüm orun degişli. Bu halkara bäsleşik hem talyplaryň bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Oňa hytaýly talyplaryň üçüsi wekilçilik edýär. Türkmenistanda ilkinji gezek bolýarys. Ýokary myhmansöýerlik Aşgabadyň gözelligi bilen utgaşyp, bizde unudylmajak täsirleri galdyrýar — diýip, Hytaýyň Halkara gatnaşyklar uniwersitetiniň professory Liu Ýin öz pikirlerini paýlaşdy.
    Öz işini 25-nji maýda tamamlaýan halkara bäsleşigiň maksatnamasy dürli çäreleri öz içine alýar. Onuň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, şol sanda muzeýlere, söwda we dynç alyş merkezlerine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelençler guralar.

    Aýlar ATAJYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Çeşme: “Türkmenistan” gazeti - 24.05.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/149758

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI