Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli onlaýn maslahat geçirildi
    Habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli onlaýn maslahat geçirildi surady
    30/11/-0001

    960

    Habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli onlaýn maslahat geçirildi

    2022-nji ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli bentlerini ýerine ýetirmekde goldaw bermek” boýunça taslamanyň çäklerinde “Pikir we pikir azatlygyny goraýan kanunlary we amallary gowulandyrmak” atly tema boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iki günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi.
    Bu onlaýn maslahata ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Maksatnama utgaşdyryjysy Rune Kastberg, guramanyň Aşgabatdaky wekilleri, moldowaly bilermen jenap Ion Bunduki we gruziýaly bilermen jenap Mamuka Anguladze, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Halkara bilermenler metbugat azatlygy we söz azatlygy bilen baglanyşykly düzgünleriň ýerine ýetirilmegini goldamak üçin tejribe alyşmak maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alşyldy.
    “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň habar beriş serişdeleriniň erkinligine degişli bentlerini ýerine ýetirmekde goldaw bermek” atly geçirilýän bu okuw maslahatynyň başynda gatnaşyjylary iş tertibi bilen tanyşdyryldy. Iki günüň dowamynda geçirilen masalahatda žurnalistleriň borçlarynyň halkara ülňüleri, söz azatlygynyň Konstitusiýada berkidilişi, şeýle-de maglumat elýeterliligi, adam hukuklaryny goramak we pugtalandyrmak, awtorlyk hukugy barada giňişleýin düşünje berildi.
    Okuw maslahatynyň ahyrynda, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryň has-da artdyrylýandygyny we mundan beýläk-de ösdüriljekdigi dogrusynda belläp geçdiler.

    Dürli BALLYÝEWA,
    Türkmensitanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Şeýle hem bu barada okap bilersiňiz:
    https://turkmengazet.com/zurnalistika-degisli-nobatdaky-okuw-maslahaty/

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI