29/06/2024
440
Gyrgyz halkynyň beýik söz ussady
Dünýädäki her bir halkyň edebiýatynda özüniň edebi mirasy bilen yz
galdyran, şol halkyň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, durmuşa bolan garaýşyny,
gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýän
beýik şahsyýetleri bolýar. Şeýle şahsyýet türkmenlerde akyldar şahyr Magtymguly
Pyragy, ruslarda Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, iňlislerde William Şekspir bolýan
bolsa gyrgyz halkynda şübhesiz XX asyr edebiýatynyň parlak ýyldyzy, ölmez –
ýitmez eserleri bilen dünýä edebiýatynyň taryhyna adyny altyn harplar bilen
ýazdyran Çingiz Aýtmatowdyr. Gyrgyz halkynyň beýik söz ussady Çingiz
Aýtmatow 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Gyrgyzysta-nyň Talas etrabynyň
Şeker obasynda döwlet işgäri Törekul Aýtmatowyň maş-galasynda dünýä inýär.
Ýazyjynyň ejesi tatar zenany Nagima Abduwaliýewa teatr aktrisasy bolup zähmet
çekipdir. Meşhur ýazyjynyň ýaşlygy örän kyn döwre – Ikinji jahan urşunyň dowam
edýän döwrüne gabat gelýär. Ol on dört ýaşynda obasyndaky oba geňeşligine işe
girýär. Çingiz Aýtmatow 1948-nji ýylda weterinar hünärmentçilik mekdebini
tamamlap, oba hojalyk institutyna okuwa girýär hem-de ony 1953-nji ýylda
tamamlaýar. Ol 1956-njy ýylda Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky edebiýat
institutynyň ýokary edebiýat kursuna okuwa girip, ony 1958-nji ýylda tamamlaýar.
Şol ýyllarda ol «Prawda» gazetinde çykyş edip başlaýar. Zehinli ýazyjynyň ilkinji
ýazan eserleri okyjylaryň arasynda bada-bat meşhurlyk gazanýar. Çingiz
Törekulowiç Aýtmatow özüniň «Jemile», «Ilkinji mugallym», «Hoş gal,
Gülsary!», «Ir uçan durnalar», «Ak gämi», «Asyra barabar gün» we beýleki köp
sanly eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan awtorlaryň biridir. «Jemile» powesti
ýazyja şöhrat getiren eserleriniň biridir. Ikinji jahan urşunyň yz ýanlaryndan
başlap, edebi eserleri bilen uly abraýa eýe bolan Çingiz Aýtmatow «Jemile»
powestinden öň birnäçe hekaýalary we «Ýüzbe-ýüz» powestini ýazypdyr. Fransuz
şahyry Lui Aragon «Jemile» powestine «Dünýäniň iň ajaýyp söýgi kyssasy» diýip
ýokary baha beripdir. Ç.Aýtmatowyň eserlerinde dürli çeperçilik ugurlary
döredijilikli birleşdirişini, dünýä taryhynyň dowamynda ähli ýagdaýda adamlarda
ikitaraplaýyn gatnaşykda gowulygyň we paýhaslylygyň soňunyň ýeňşe eltjekdigine
ynanmak häsiýetlerini görmek bolýar. Meşhur ýazyjy 1966-njy ýyldan başlap
eserlerini diňe rus dilinde ýazyp ugraýar.Ýazyjynyň birnäçe kitaplary 176 dile
terjime edilýär. Ýazyjy öz edebi işleriniň gapdalyndan Ýewropa Bileleşigi,
ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän gyrgyz
wekiliýetine hem ýolbaşçylyk edýär. Gyrgyz edebiýatynyň läheňi Ç.Aýtmatow
2007-nji ýylda «Altyn ýürek» baýragyny alýar. Çingiz Aýtmatow 2008-nji ýylyň
10-njy iýunynda aradan çykýar. Meşhur ýazyjynyň eserleri öz wagtynda ençeme
edebiýat baýraklaryna mynasyp boldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýazyjynyň
hormatyna ýörite adyny göterýän köçeler, seýilgähler, baýraklar döredilip, heýkeli
oturdyldy. Türkmen edebiýatynda hem Ç.Aýtmatowa dünýä edebiýatynyň
wekilleriniň arasynda uly orun berilýär. Türkmen ýazyjylary onuň çeper
döredijiligine aýratyn sarpa goýýarlar. Çingiz Aýtmatow meşhur ýazyjylarymyz
Berdi Kerbabaýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Gara Seýitliýew dagy bilen
dostana gatnaşygy saklap, ol bu galamdaşlarynyň öýünde ençeme gezek
myhmançylykda bolupdyr. Şahyr Kerim Gurbannepesow eger özüni proza ýazýan
hasap etse, onda onuň halypalarynyň arasynda Çingiz Aýtmatowyň boljakdygyny
belläp geçýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde
paýtagtymyzyň gözel künjeginde, gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyr
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gurlan «Magtymguly Pyragy»
medeni-seýilgäh toplumynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň heýkeliniň
ýerleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi ajaýyp ýazyjy Çingiz Aýtmatow
hem beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine örän uly sarpa goýupdyr.
Sözümizi beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň türkmen halkynyň beýik söz
ussady Magtymguly Pyragy barada aýdan ajaýyp sözleri bilen jemleýäris:
«Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren
şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar».
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.