Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Gyrgyz halkynyň beýik söz ussady
    Gyrgyz halkynyň beýik söz ussady surady
    29/06/2024

    851

    Gyrgyz halkynyň beýik söz ussady

    Dünýädäki her bir halkyň edebiýatynda özüniň edebi mirasy bilen yz galdyran, şol halkyň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, durmuşa bolan garaýşyny, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny şöhlelendirýän beýik şahsyýetleri bolýar. Şeýle şahsyýet türkmenlerde akyldar şahyr Magtymguly Pyragy, ruslarda Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, iňlislerde William Şekspir bolýan bolsa gyrgyz halkynda şübhesiz XX asyr edebiýatynyň parlak ýyldyzy, ölmez – ýitmez eserleri bilen dünýä edebiýatynyň taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Çingiz Aýtmatowdyr. Gyrgyz halkynyň beýik söz ussady Çingiz Aýtmatow 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Gyrgyzysta-nyň Talas etrabynyň Şeker obasynda döwlet işgäri Törekul Aýtmatowyň maş-galasynda dünýä inýär. Ýazyjynyň ejesi tatar zenany Nagima Abduwaliýewa teatr aktrisasy bolup zähmet çekipdir. Meşhur ýazyjynyň ýaşlygy örän kyn döwre – Ikinji jahan urşunyň dowam edýän döwrüne gabat gelýär. Ol on dört ýaşynda obasyndaky oba geňeşligine işe girýär. Çingiz Aýtmatow 1948-nji ýylda weterinar hünärmentçilik mekdebini tamamlap, oba hojalyk institutyna okuwa girýär hem-de ony 1953-nji ýylda tamamlaýar. Ol 1956-njy ýylda Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutynyň ýokary edebiýat kursuna okuwa girip, ony 1958-nji ýylda tamamlaýar. Şol ýyllarda ol «Prawda» gazetinde çykyş edip başlaýar. Zehinli ýazyjynyň ilkinji ýazan eserleri okyjylaryň arasynda bada-bat meşhurlyk gazanýar. Çingiz Törekulowiç Aýtmatow özüniň «Jemile», «Ilkinji mugallym», «Hoş gal, Gülsary!», «Ir uçan durnalar», «Ak gämi», «Asyra barabar gün» we beýleki köp sanly eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan awtorlaryň biridir. «Jemile» powesti ýazyja şöhrat getiren eserleriniň biridir. Ikinji jahan urşunyň yz ýanlaryndan başlap, edebi eserleri bilen uly abraýa eýe bolan Çingiz Aýtmatow «Jemile» powestinden öň birnäçe hekaýalary we «Ýüzbe-ýüz» powestini ýazypdyr. Fransuz şahyry Lui Aragon «Jemile» powestine «Dünýäniň iň ajaýyp söýgi kyssasy» diýip ýokary baha beripdir. Ç.Aýtmatowyň eserlerinde dürli çeperçilik ugurlary döredijilikli birleşdirişini, dünýä taryhynyň dowamynda ähli ýagdaýda adamlarda ikitaraplaýyn gatnaşykda gowulygyň we paýhaslylygyň soňunyň ýeňşe eltjekdigine ynanmak häsiýetlerini görmek bolýar. Meşhur ýazyjy 1966-njy ýyldan başlap eserlerini diňe rus dilinde ýazyp ugraýar.Ýazyjynyň birnäçe kitaplary 176 dile terjime edilýär. Ýazyjy öz edebi işleriniň gapdalyndan Ýewropa Bileleşigi, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän gyrgyz wekiliýetine hem ýolbaşçylyk edýär. Gyrgyz edebiýatynyň läheňi Ç.Aýtmatow 2007-nji ýylda «Altyn ýürek» baýragyny alýar. Çingiz Aýtmatow 2008-nji ýylyň 10-njy iýunynda aradan çykýar. Meşhur ýazyjynyň eserleri öz wagtynda ençeme edebiýat baýraklaryna mynasyp boldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýazyjynyň hormatyna ýörite adyny göterýän köçeler, seýilgähler, baýraklar döredilip, heýkeli oturdyldy. Türkmen edebiýatynda hem Ç.Aýtmatowa dünýä edebiýatynyň wekilleriniň arasynda uly orun berilýär. Türkmen ýazyjylary onuň çeper döredijiligine aýratyn sarpa goýýarlar. Çingiz Aýtmatow meşhur ýazyjylarymyz Berdi Kerbabaýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Gara Seýitliýew dagy bilen dostana gatnaşygy saklap, ol bu galamdaşlarynyň öýünde ençeme gezek myhmançylykda bolupdyr. Şahyr Kerim Gurbannepesow eger özüni proza ýazýan hasap etse, onda onuň halypalarynyň arasynda Çingiz Aýtmatowyň boljakdygyny belläp geçýär.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde paýtagtymyzyň gözel künjeginde, gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň heýkeliniň ýerleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi ajaýyp ýazyjy Çingiz Aýtmatow hem beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine örän uly sarpa goýupdyr. Sözümizi beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy barada aýdan ajaýyp sözleri bilen jemleýäris: «Magtymguly Pyragy — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar».

    Yhlas HALLYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI