03/03/2025
720
«Global durnukly üpjünçilik zynjyry» atly Halkara taslama bäsleşigi
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplaryna 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Üpjünçilik zynjyrynyň global okuw merkeziniň, BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň, Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň we
BMG-niň Durnukly ulagyň dostlary toparynyň guramagynda «Global durnukly üpjünçilik zynjyry» atly geçirilen onlaýn Halkara taslama bäsleşiginiň jemleri boýunça sertifikatlar berildi. Bu bäsleşige Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika, Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti we Amerika ýurtlaryndan talyplar toparlary öz taslama işleri bilen gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplar topary gatnaşyp üstünlikli netije görkezdiler. Bäsleşigiň
1-nji talyplar topary «Ýaş ilçiler» ady bilen Güljeren Ataýewa, Batir Sadullaýew, Gülöwser Rejepowa, Kerim Serdarow we bäsleşigiň 2-nji talyplar topary
«Türkmen-Rhode Ýaşyl» ady bilen Aýjahan Gulhanowa, Ýupar Egirjäýewa we ABŞ-nyň Rhode Island uniwersitetiniň talyplary Kollin Smit we Tomas Mason bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy,
fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Gaplaň Esenamanowyň we ABŞ-nyň Rhoda Island Uniwersitetiniň professory Koraý Özpolatyň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, toparlar öz taslamalarynyň innowasion çözgütlerini görkezdiler. Bu bäsleşik talyplara akademiki bilimlerini kämilleşdirmäge we medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň netijesi boýunça «Ýaş ilçiler» we «Türkmen-Rhode Ýaşyl» toparlary sertifikatlara mynasyp boldular hem-de bäsleşige ýolbaşçylyk eden halypa mugallymlar minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar. Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy gazanan halkara üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Aýgül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.