Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni belleniler
    Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni belleniler surady
    23/06/2023

    847

    Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni belleniler

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer dașary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Türkmenistan döwletimiz bilen ýakyn-alysdaky döwletler dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk alan ilkinji günlerinden bäri bu ýörelgäni şygar edip gelýär. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatymyz uly rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary syýasaty ugrunda hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp dünýä ýurtlary bilen, abraýly halkara guramalary bilen ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda ygtybarly gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini günsaýyn giňeldýär. Türkmenistan Germaniýa döwleti bilen halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar. Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär. Germaniýanyň Ykdysadyýet komiteti habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 26-29-njy iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Germaniýada saparda bolar. Döwlet we hususy pudagyň 35 wekili nemes maşyn gurluşykçylary we birleşikleri bilen bilelikde Dýusseldorfda Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününi geçirer. Onda, esasan, nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagaty boýunça hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününiň esasy çäresi 2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Dýusseldorfyň Işewürler klubunda geçiriler. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Döwlet haryt we çig mal biržasynyň wekilleri girer. Işewür wekiliýetiň düzümine «Ak-Bulut», «Mizemez», «Parahat», «Joş», «Ýörite Geýimler», «Galkynan Ykbal», «Geljege Rowan», «Daýanç Plastik», «Batly Gadam», «Berk Gerden», «Altyn Nal», «Uly Ýelken» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri girer. Türkmenistan we Germaniýa bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara giňişliginde ýurdumyzy dünýä tanatmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Şeýle hem bu bara şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://turkmenportal.com/tm/blog/63646/germaniyada-turkmenistanyn-ykdysadyyet-guni-belleniler

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI