Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • 35 Years of Independence Turkmenistan's Economic Achievements and New Horizons of International Cooperation.
        • THE INSTITUTE OF NEUTRALITY THE SIGNIFICANT ROLE OF THE INSTITUTE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING THE SYSTEM OF INTERNATIONAL LAW
        • Ecological Diplomacy in Action Turkmenistan’s Priorities for Climate Resilience and Green Transition
        • Bridges of Peace The Evolution of Turkmenistan’s Cultural and Educational Relations in the Era of Independence.
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Бишкек-2026. Качественная эволюция ШОС
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / GERMANIÝADA GAZANYLAN AKADEMIKI WE MEDENI TEJRIBE
    GERMANIÝADA GAZANYLAN AKADEMIKI WE MEDENI TEJRIBE surady
    19/08/2026

    1073

    GERMANIÝADA GAZANYLAN AKADEMIKI WE MEDENI TEJRIBE

    Häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň halkara ylym-bilim giňişligine aralaşmagy, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegi we medeniýetara dostluk köprülerini gurmagy uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby hökmünde, meşhur Nemes akademik alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) „Hochschulsommerkurse“ maksatnamasynyň ýeňijisi bolup, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bonn şäherindäki Goethe-Institutynda B2 derejesi boýunça çuňlaşdyrylan tomusky nemes dili amaly okuwlaryna gatnaşmak bagty maňa hem nesip etdi. Bu halkara taslama dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaşlary bir ýere jemläp, dil başarnyklaryny akademiki we diplomatiki derejede ösdürmäge uly mümkinçilik açdy.
    Bir aýa çekýän intensiw okuw tapgyrynda diňe bir adaty gepleşik dilini öwrenmek bilen çäklenilmän, eýsem akademiki ýazuw medeniýeti, pikirleriňi yzygiderli hem-de çuňňur beýan etmek ýaly möhüm ugurlara uly üns berildi. Tejribeli nemes mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçen sapaklarda Germaniýanyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, ykdysady üstünlikleri, medeni mirasy we halkara gatnaşyklaryndaky eýeleýän orny barada giňişleýin öwrenildi. Okuwlaryň doly nemes dili gurşawynda geçirilmegi öwreniş amalyýetiniň örän tebigy, çalt we netijeli bolmagyny üpjün etdi.
    Sapaklardan daşary guralan medeni we köpçülikleýin çäreler hem maksatnamanyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Şäheriň taryhy ýerlerine, muzeýlerine hem-de medeni merkezlerine guralan gezelençler nemes halkynyň gündelik durmuşy we baý taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Dünýäniň onlarça döwletinden gelen geljekki hünärmenler bilen bir gurşawda okap, gürrüňdeş bolmak, halkara derejesinde dostluk köprülerinin̈ binýadyny goýdy we dünýägaraýşymyzy giňeltdi.
    Bonn şäherinde gazanylan bu uly amaly tejribe geljekki hünär we ylmy ýolumyzda möhüm basgançak bolar. Ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy, kämilleşmegi we halkara giňişliginde ukyp-başarnygyny görkezmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

    Aýnur DOWLETÝAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi surady

    03/09/2026

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi
    TALYPLYK BAGTYMYŇ AK DAŇY surady

    31/08/2026

    TALYPLYK BAGTYMYŇ AK DAŇY
    AKADEMIKI MÜMKINÇILIKLER WE HALKARA TEJRIBE surady

    11/08/2026

    AKADEMIKI MÜMKINÇILIKLER WE HALKARA TEJRIBE
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI