29/11/2024
47
Gender deňligine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda Gender deňligine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Degişli guramalaryň wekilleri özleriniň çykyşlarynda gender deňliginiň hemmeler üçin parahatçylykly, abadan we durnukly geljegi döretmek üçin möhüm hasaplanýandygyny, şeýle hem gender deňliginiň we zenanlaryň hukuklarynyň, hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegini çaltlandyrmagy berk maksat edinýändiklerini belläp geçdiler.
Täsirli geçen okuw sapagynyň ahyrynda BMGÖM we ÝUNFPA-nyň wekilleri talyp ýaşlar bilen gyzykly sorag-jogap alyşdylar.
Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.