21/09/2023
2691
Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr
2023-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz Türkmenistan – parahatçylygyň we ösüşiň öňdebaryjy döwletidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň dowamynda Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiziň ösüşiň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetip gelýändigi we Garaşsyzlygyň ösüşli ýolunyň durmuş-ynsanperwer sepgitleri we kanunçylyk binýatlary barada, parahatçylygyň we howpsuzlygyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdylyp geçildi.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
28/08/2026
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
24/06/2026
YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI