701
Garaşsyzlyk – müň nygmatdan zyýatdyr...
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Garaşsyzlyk – köňle siňen kelamym,
Garaşsyzlyk – ýedi yklym ykrarym.
Garaşsyzlyk – mertebämdir abraýa,
Garaşsyzlyk – Tugum, Tugram, ykbalym.
Garaşsyzlyk – sapaly çag,eýýamdyr,
Garaşsyzlyk – höwes eýlän galkanym.
Garaşsyzlyk – ähli bagtyň çürbaşy,
Garaşsyzlyk – maňlaý deri halkymyň.
Garaşsyzlyk – ýaşyl geými sähramyň,
Garaşsyzlyk – arşdan inen hikmetdir.
Garaşsyzlyk – söýgüdidir ilimiň,
Garaşsyzlyk – ýalkym saçýan rehnetdir.
Garaşsyzlyk – erkanalyk öýdümi,
Garaşsyzlyk – ýagty ertäň barlygy.
Garaşsyzlyk – tämiz niýet ýaýylan,
Garaşsyzlyk – halkyň bagtyýarlygy.
Garaşsyzlyk – dilde nama, dessanym,
Garaşsyzlyk – “ylham” atly kejebäm.
Garaşsyzlyk – göwün ganan mezhebim,
Garaşsyzlyk – gurban saňa şirin jan.
Garaşsyzlyk – müň nygmatdan zyýatdyr,
Garaşsyzlyk – beýikligňi göz etmek.
Garaşsyzlyk – ýüwrük ata atlanyp,
Garaşsyzlyk miwesinden söz etmek.
Watan – bu biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr, mertebämiz, ar-namysymyzdyr, onuň özeni hasaplanýan ene toprak bolsa mukaddeslikdir. Bu mukaddeslikleriň bizi kemala getişi ýaly, olary gözümiziň göreji ýaly goramaga borçludyrys.Watan – biziň her birimiz üçin elýetmez mertebe, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu günki gün türkmen halky ata-babalarymyzyň bize miras goýan, halallykdan galdyran eziz ýurduna guwanmaga, buýsanmaga haklydyr. Çünki, gara başlaryny orta goýup, mertlerçe goran är ýigitleriň tutan berk binýadyna hiç bir güýjüň täsir etmänligine taryh şaýatdyr. Merdana gerçeklerimiz sekiz asyra golaý wagtdan soň, asuda durmuş, parahat ýaşaýyş, ählumumy abadançylyk üçin ençeme söweşlerde gara başlaryny gurban edip, Garaşsyz Türkmenistan döwleti bina etdiler. Şöhratly taryhymyzda özleriniň pähim-parasady bilen 70-den-de gowrak guran döwletlerinde nesilbaşymyz Oguzhanyň atamyzyň döwleti dolandyrmakdaky taglymatyny görmek we duýmak bolýar. Garaşsyzlygyň miweleri bolan günsaýyn pajarlap ösýän eziz Diýarymyzda Hormatly Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan dost-doganlyk syýasaty hem ata-babalarymyzdan gelýän belent başlangyç-lardan gözbaş alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhymyzdan alan tejribesiniň döwrebap baýlaşdyrylandygyny görkezýär. Türkmenistan eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, dünýä halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryň, birek – birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna täsir edýän wezipeleri durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Asmandan arkaly, Zeminden zynatly” bölüminde: “Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjili-giniň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr” diýen çuňňur manyly sözleri belläp geçýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet we sungat, saglygy goraýyş, sport, ulag we aragatnaşyk ulgamynda geçirýän düýpli özgerişleri döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak işlerini aýratyn üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda ylym-bilimi döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde halkara gatnaşyklaryna giň orun berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti turuwbaşdan, döwlet baştutany wezipesine geçen gününden ýurduň bilim ulgamyny kämilleşdirip, her bir türkmen ogluny we gyzyny ylym-bilim babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň ýaşlary bilen bäsleşmäge, milletimiziň durmuşyny, hal-ýagdaýyny we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaklyga ukyply adamlar edip ýetişdirmekligi bu ulgamyň öňünde duran gaýragoýul-masyz wezipe hökmünde kesgitleýär. Türkmen döwleti gysga wagtyň içinde ýaşlaryň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna ilki bilen hem ylym-bilime eýe bolmaklary üçin gerek bolan esaslary döretdi. Arkadagymyzyň ýürek owazy ýaňlanýan “Türk-meniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Ylmy ösdürmek ertirki günüňi döretmekdir. Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, uly ylym daragtyny kemala getirdiler. Ylym öwrenmegem, öwretmegem sogapdyr” diýen sözleri biz ýaşlara nusgalyk mekdep bolup durýar.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem alnyp barylýan derwaýys işler Türkmenistan Watanymyzdan dünýäniň çar künjüne uzaýan awtoulag, demir, deňiz we howa ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap usullar bilen dikeldilýänliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda eýelän ornuny berkitmek, halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy düýpli ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ençemesi amala aşyrylýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda durmuşa geçirilýän ägirt işler ulag-logistika ulgamynyň kämilleşmegine, şeýle hem dünýä ykdusadyýetiniň ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan möhüm merkezinde ýerleşen we ählumumy parahat-çylyga, abadançylyga we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistanyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygyny subut edýär.
Şu günler, ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebap-laşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk baýramy parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrýan gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Şeýle-de, biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda hem medeni we sport çäreleri, baýramçylyk mynasybetli ylmy konferensiýalar, maslahatlar guralýar.
Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramasynyň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlar, teklipler bilen çykyş edip, dünýä halklaryny parahatçylygyň, abadançylygyň, ählumumy ösüşiň hatyrasyna seslenip, halklary birleşdirmäge çagyrýan, Zeminiň gujagyna parahatçylygyň mizemez ýollaryny çekýän, zamanamyzyň beýik Gahrymany, dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!!! Goý, dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadan-çylygyň hatyrasyna eziz türkmen halkymyzyň mizemez Garaşsyzlygy mundan beýläk-de köki uzaklara ýaýrasyn. Şanly Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly mübärek bolsun!!! Men hem şu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli talyp ýüregimiň buýsanjyny şeýle setirlerim bilen jemläsim gelýär:
Inip arşdan gül zemine, şat mukama heňin goşýan,
Nesilleri berk binýatly, doganlykda arkalaşýan,
Ženewadan Tokia çen, ylmagtaryp menzil aşýan,
Ertir - agşam zähmet çekip, rehnetine aralaşýan,
Niçe asyr öten Beýik, Ýüpek ýolun gaýta gurýan,
Eýýamyň goşa ganaty, ak mermer bina galdyrýan,
Rowaçlanýan gül diýarda, okuw jaýym bilen joşýan.
Täç edinip ýaşyl tugun, ak ýollara düşen Diýar,
Erenlerden pata alyp, Hydyr ata duşan Diýar,
Hak nazardan gorawersin, heňňamlary aşan Diýar,
Namaň dünýäň jigerbendi, derýa kimin daşan Diýar,
Ir säheriň mymyk ýeli, has üýtgeşik Günüň dogşy,
Kalby çoýýar gahrymanyň il-halkyna garap durşy,
Içre jahan soňlanmajak, zyýat söýgi goşan Diýar.
Waspy yklym aşyp gelýän, illeriň bar asylzada,
Ene toprak deýin pespäl, Oguz handan gelýän kada...
Ulamasy alymy bar, taryh gatyn öwrenmäge,
Lälezardyr Asman-zemin, sebäp ýokdur zeýrenmäge,
Alnyňda du:r bagt çyragy, ak säherde eglenmäge,
Gönezligiň behiştmidir, arzuw wysal tapan Diýar?!
Köneürgenjiň minarasy,
Oguz ýurduň röwşen - düri,
Maru -Şahu - Jahan ili,
Medenýetiň ösen ýeri,
Uzak Gündogardan gaýdan,
Nusaý, kerwen ýoluň seri.
Iman ygtykat oýaran,
Küren iliň ýaýran ýeri...
Awazaň bar jennet şähri ,
Sen dünýäniň baş ykrary,
Ikiýan towusýan deňziň,
Ýaşyl ýaz deýin ykbally.
Ata ýurda ýalkym saçýar,
Lider ogluň päk yhlasy.
Ak geljegiň buşlukçysy,
Rysgal - bereket mahlasy,
Yrylmasyn perwaz urýan, beýik Arkadagly Diýar.
Il - halkyny täç edinen, Watansöýer ogluň bardyr,
Nesliň bilen yklym aşjak, Göroglydan dogmuň bardyr,
Sagdyn durmuş ýörelgesin, dünýä ýaýan kowmuň bardyr,
Tugrasyna keşbi siňen, Gyratynda owsun bardyr,
Il bolup toýlanýar toýlar, baýramyňda şowhun bardyr,
Tylla güýzüň bereketli, yssy mähir tomsuň bardyr,
Ulgam-ulgam Garagumyň, reýhan, jana tenekardyr,
Tutumlaryň Garaşsyzlyk - miwesidir, bagta ýardyr,
Ymaratlaň kaşaň-kaşaň, başlary gök dirän Diýar.
Maksatgeldi GELDIÝEW,
Türkmenitanyň Inžener – tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI