Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — baky bagtymyz
    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — baky bagtymyz surady
    30/11/-0001

    806

    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — baky bagtymyz

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly

    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Garaşsyzlyk, nähili uly, ajaýyp bagt. Eýsem öz eliň, öz ýakaň bolup ýaşamakdanam bir uly bagt bolarmy?! Taryhda ýetmişden gowrak döwlet guran, merdana, halal, mert, päk ahlakly türkmen halky bu beýik bagta niçe zamanlardan bäri garaşyp gelipdir. Nesilleriň agzybir, asuda, parahat ýaşamaklygy üçin merdana pederlerimiz jan aýaman göreşipdirler. Ine, 1991-nji ýylyň altyn güýzi, altyn harplar bilen V müň ýyllyk şanly taryhymyza beýik wakany ýazdy. Mähriban watanymyz «Garaşsyz Türkmenistan» diýen beýik ada mynasyp boldy!

    Hazirki bagtyýar zamanamyzda şeýle uly bagta, hormatly ada mynasyp bolan türkmen ilimiz bu ýokary derejäni gözüniň göreji ýaly goraýar, oňa ýürekden buýsanýar. Ol buýsanjy bolsa, aýdymdyr-saz bilen, ajaýyp şygyrlar we eserler bilen, ýa-da diýarymyzyň ösüşlerine goşant goşýan, onuň at-abraýyny bütin dünýä içre beýgeldýän işleri etmek bilen açyp görkezýarler. Hawa, bu günki gün her bir türkmen şeýle beýik derejäni saklamak, Diýarymyzy has-da ösdürmek we rowaçlandyrmak üçin ýaşaýar. Çünki, Garaşsyzlyk diýen beýik derejäni gazananyňdan soň halkyň watançylyk ruhy has-da beýgelýär. Hawa, 1991-nji ýylyň altyn güýzünden soň Watanymyzyň taryhynda köp üýtgeşmeler boldy. Eziz Diýarymyz bedew bady bilen, dynuwsyz öňe barýar. Şu geçen şanly 30 ýylyň dowamyndaky özgerişlikleri sanasaň sogaby bar diýleni. Ýurdumynyň Daşary syýasatdaky tutýan orny, dünýä arenasyndaky at abraýy, içerki ösüşleri, ak paýtagtymyzyň, obadyr-şäherleriň has-da gözelleşmegi älemi haýrana goýýar. Elbetde, bu zatlaryň aňyrsynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mümkinçilikleri, parahat ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň artykmaçlyklary bardyr.

    Halkymyz eziz Diýarymyzyň senenamasyndaky iň şanly senäni, Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede belleýär. Ýogsam näme? Şeýle beýik bagta niçe ýyllardan soň ýeten ilimiz bu günki gün öz begenjini, buýsanjyny içine sygdyryp bilmän, halkyň ähli şatlyk-şowhunyny jemläp uludan toý tutýar. Hut eziz Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilýän şanly ýöriş bolsa, bu baýramçylygyň esasy şowhunydyr. Goý, türkmen halkyna bu toýy ýeneki ýyllarda-da uly şatlyk-şowhun bilen, giň gerim bilen bellemeklik miýesser eýlesin!

    Eziz Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty we bimöçber aladalary netijesinde bu günki gün Diýarymyz ýokary ösüşlere beslenýär, her bir türkmen raýaty bolsa, özüni dünýädäki iň bagtly adam hasaplaýar. Biz, bagtly nesiller geljekde-de ýurdumyzyň şanly ösüşlerini dowam etdirmegiň arzuwynda ýaşaýarys! Goý, Garasyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara arenasyndaky şan-şöhraty, abraý mertebesi mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun! Ähli türkmen ilimiň mukaddes, şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly mübärek bolsun!


    Didar ISLAMOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

    II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI