Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Garaşsyzlyk-ähli üstünliklermiziň özeni
    Garaşsyzlyk-ähli üstünliklermiziň özeni surady
    30/11/-0001

    643

    Garaşsyzlyk-ähli üstünliklermiziň özeni

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly garşy alýar. Bu şatlykly baýram türkmen halkynyň ruhyny has-da beýige galdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde Berkar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze-täze ösüş-özgerişlere gadam basylýar.
    Türkmen topragynda ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçýän ählihalk dabaralary ýokary depginde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we paýtagtymyzda gurulýan binalarynyň sanynyň artýandygy we olaryň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen beýik sözleriniň durmuşymyza ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    Şanly Garaşsyzlygymyzyň her täze senesi täze üstünlikleriň, täze badalgalaryň, beýik sepgitleriň özeni bolup durýar. Bu baýramçylyk ähli türkmen halky üçin aýratyn bir many-mazmuna eýedir. Şeýle hem 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Bu ýylda ýurdumyzyň taryhy we ähmiýetli wakalara beslenýändigini aýratyn bellemeli.
    Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, milli däplerimizi gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda taryhy ösüşleri, özgerişleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny ykdysady we medeni ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berýär we dünýä ýaň salýar.
    Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda yzygiderli utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň subutnamasy bolup ýüreklerde ýer edýär. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde durmuş–medeni ähmiýetli çäreleriň birnäçesi dabaraly bellenilip geçilýär. Bu günki gün Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz dünýäde özüniň beýik döwletiniň gadyryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar.
    Arkadagymyzyň binagärlik ukyby bilen belende galan binalar türkmen halkynyň buýsanjy bolup, dünýä halklarynyň aňynda ornaýar. Garaşsyzlyk ýoly bilen ösüp, barha güýçlenýän eziz Watanymyz Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen aýdyň geljege tarap gadam basýar. Türkmenistan ýurdumyz täze-täze ösüşleriň we özgerişleriň ýoluna tarap bedew batly öňe barýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýasynda ýurdumyzda biz talyp ýaşlara, geljekki nesiller bolan bagtyýar çagalara öz zehinlerini açyp görkezmäge ähli mümmkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösen tehnologiýalaryň, täze açyşlaryň esasy görkezmesi bolup durýar. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzy gazanan ýylymyzdan başlap türkmen halkynyň ösüşlere, täze sepgitlere gadamynyň aýdyň subutnamasy bolup janlanýar.
    Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme wakalaryň we işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirmek mümkin. Ähli üstünlikleriň sakasynda duran Mähriban Arkadagymyza tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde belent sepgitlere ýetmegini, ýurdumyzyň asuda we abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşatýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ahmiýetli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara ýar bolsun! Şanly Garaşsyzlyk baýramy mübärek bolsun!

    Oguljeren ÝALKAPOWA,
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
    informatika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI