24/04/2026
140
«GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGY (GDA) ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞ UGURLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüş ugurlary» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa kafedranyň mugallymlary we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy S.Nepesowa çykyş etdi. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlyklary, olaryň ekstensiw we intensiw ösüş derejeleri, marketingiň ýörelgeleri hakynda gerekli maglumatlary aýdyp berdi.
Okuw sapagy gatnaşan talyplar üçin täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Wepamyrat HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.