Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Ene diliniň Bütindünýä güni we türkmen dilimiz
    Ene diliniň Bütindünýä güni we türkmen dilimiz surady
    30/11/-0001

    2244

    Ene diliniň Bütindünýä güni we türkmen dilimiz

     Her ýylyň 21-nji fewralynda “Ene diliniň Bütindünýä  güni” dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 1999-njy ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda “Ene diliniň Bütindünýä gününi” (International Mother Language Day) bellemek baradaky karardan alyp gaýdýar. Şondan soňra 2000-nji ýyldan bäri bu baýram Ýer ýüzünde her ýyl bellenilip geçilýär.

    Biz hem şu halkara güni mynasybetli öz ykbalyny ene dili bilen ýakyndan baglanyşdyran Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sona Halykowa bilen söhbetdeş bolduk.

      -Sona, sizi ene diliniň Bütündünýä güni bilen  gutlaýaryn.

      -Sag boluň! Men hem öz gezegimde ähli halkymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu belli sene-de ozaly bilen ene dilimiz bolan türkmen diline döwlet derejesiniň berilmegi hakydaňa gelýär. 1990-njy 24-nji maýynda “Döwlet dili hakyndaky” Kanunyň, 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde täze türkmen elipbiýiniň kabul edilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň dil taglymaty esasynda ýurdumyzda türkmen dilini içgin öwrenmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Institutymyzda türkmen dilini höwes bilen özleşdirýäris. Arkadagymyzyň bize sowgat beren “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” atly 2 jiltli kitabynyň neşir edilmegi, biz, talyp ýaşlara gadymy türkmen dilini öwrenmäge diýseň uly goldaw berýär. Sözümiň şu ýerinde şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň bu ugurdaky goşgy setirlerini ýatlasym gelýär.

     Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,

     Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.

     Babalardan miras galan ýalňyzym-

     Eziz ene dilim, mähriban dilim.

     Men hem  ene dilimizde goşgy, makalalar ýazyp  instututymyzda hereker edýän “Ýaş diplomatyň sesi” atly gazetimizde, şeýle hem döwürleýin metbugatda  yzygiderli çykyş edýärin.

      -Siz institutymyzda ene dilimiz bilen birlikde öwrenilýän dünýä dilleri  barada hem gürrüň beräýseňiz?

      -Elbetde, biz türkmen dili bilen bir hatarda dünýä dillerini hem öwrenýäris. Olaryň hatarynda rus, iňlis, hytaý, pars, arap, ýapon, fransuz, nemes we türk dillerini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilendir. Talyplaryň okamaklary, bilim derejelerini artdyrmaklary üçin institutymyzda nemes we türk dilleri kitaphanalary hem hereket edýär.

     Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize ene dilimizi we esasy dünýä dillerini içgin öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş aýdýarys.

      -Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

        

    Gunça HAMEDOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

    Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI