03/01/2026
107
BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 4-nji ýanwarynda Bütindünýä “Braýl” harplygynyň güni giňden bellenilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kör we görüş ukyby çäkli adamlaryň kitaplary we döwürleýin neşirleri okamaklary üçin döredilýän mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen döredildi.
Braýl – bu näme? Braýl, ähli harplary we sanlary, hatda saz notalary, matematiki we ylmy nyşanlary aňlatmak üçin alty sany nokady ulanmak arkaly emele getirilen elipbiý we san belgileriniň taktil şekillendirilişidir. Bu şekil kör we görüş ukyby çäkli adamlar tarapyndan görüş şriftleri bilen çap edilen şol bir kitaplary we döwürleýin neşirleri el bilen yzarlap okamak üçin ulanylýar. Aslynda Braýl dilini ulanmak kör we görüşi örän pes adamlar tarapyndan möhüm maglumatlaryň olara we başgalara ýetirilmegini üpjün etmekde, şeýle-de, olar üçin hünär ussatlygyň, garaşsyzlygyň we deňligiň beýany hökmünde örän uly ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, Maýyplaryň hukuklary baradaky Konwensiýanyň 2-nji maddasyna laýyklykda, “Braýl” harplygy kör we görüş ukyby çäkli adamlar üçin aragatnaşyk serişdesi hökmünde kesgitlenilýär. Ol bilim we pikir azatlygy hukugynyň ulanylmagy babatynda möhüm ähmiýete eýedir.
Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/12/2025
Halkara raýdaşlyk güni
18/12/2025
INTERNATIONAL DAY OF THE ARABIC LANGUAGE