03/05/2024
1558
“EMELI AŇ” WE “LEARNING ANALITICS” BILEN BAGLY SANLY ULGAM ARKALY ONLAÝN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda Sanly bilim, Sanly ykdysadyýet, we Kiberhowpsuzlyk boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň IT ugruna degişli bolan mugallymlarynyň, işgärleriniň we jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda onlaýn maslahaty geçirildi.
Onlaýn maslahatynyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünäriniň III ýyl talyby Myrat Durdymyradow “AI tehnologiýalary esasynda bilim ulgamy üçin döwrebap çözgütler” atly tema boýunça çykyş etdi we tema degişli durmuşda gabat gelýän gyzykly maglumatlary belläp geçdi.
Şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Mergen Saparow moodle platformasynda ornaşdyrylýan “Learning analitics” goşundysynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi we degişli tema boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Onlaýn maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň çäginde hereket edýän bilim edaralarynda ýaşlaryň sanly ulgamdan maksadalaýyk peýdalanmaklaryny we ony dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça pikir alyşmakdan ybarat bolup durýandygyny ýene bir ýola belläp geçdiler.
Kerim ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly ulgamlar we kommunikasiýa
bölüminiň esasy hünärmeni.