06/02/2024
935
Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi (Biziň neslimiz)
Abraýly halkara guramalaryň biri — Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary syýasatymyzyň iň esasy ugurlarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň berkemeginde ýaş nesilleriň hem mynasyp goşantlarynyň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Bu babatda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri uly üstünlikleri gazanýarlar. Türkmenistanly ýaş ilçiler eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzyň wekili hökmünde dünýä derejeli halkara çärelerde we ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edýärler. Gazetimiziň şu sanynda 2022-2023-nji ýyllar üçin «Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri» bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jepbarberdi Gurbanmyradow bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Jepbarberdi biziň neslimiziň ýaş ilçisi.
— Jepbarberdi, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we olaryň baş maksatlary, wezipeleri hakda gürrüň beräýseňiz?!
— Bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlary dünýä derejesinde 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibiniň esasyny düzýär. Öňe sürlen 17 sany maksat we 169 sany görkeziji Ýer ýüzünde we adamzadyň abadançylygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Şu maksat bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanda «Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri» atly başlangyç öňe sürlip, onuň çäginde degişli topar döredildi. Häzirki wagtda «Ýaş ilçileriň» üçünji topary hereket edip, onuň agzalary her ýyl guralýan ýörite bäsleşik arkaly ýaş nesliň wekillerinden saýlanylýar. Ýeňiji bolan ýaş ilçileriň her biri Durnukly ösüşiň 17 sany maksadyndan birini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda täze pikirlerdir teklipleri hödürleýärler, birnäçe çärelere gatnaşýarlar. Men hem DÖM-niň 4-nji maksady bolan ýokary hilli bilimi üpjün etmek boýunça dürli işleri alyp barýaryn. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» biziň bu işlerimizde ilkinji ýol görkezijimiz bolup hereket edýär. Bu Strategiýanyň anyk netijeleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy biz — ýaşlaryň her birimiziň buýsanjymyzy artdyrdy.
— Ýurdumyzda Durnukly ösüşiň «Ýokary hilli bilim» maksadyny ornaşdyrmak boýunça nämeleri teklip edýärsiňiz?!
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşinde hereketlendiriji güýç hökmünde kemala gelmekleri üçin ähli mümkinçilikler we döwrebap şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde diýen ýaly dil we okuw merkezleri hereket edýär. Muňa goşant hökmünde biz hem şol merkezlerde dürli jemgyýetçilik-ylmy seminarlary, webinarlary we treningleri ýygy-ýygydan hem-de köpçülikleýin häsiýetde geçirip bileris.
— Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynda ýaşlar nähili işleri alyp barýarlar?
— BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy milli, sebit we halkara derejeli meseleleri çözmeklige, Ýer şarynyň ekologiýa howpsuzlygyny hem-de dünýä halklarynyň parahatçylygyny, abadançylygyny üpjün etmeklige esaslanýar. Bu beýik meseleler her bir ynsana, şol sanda biz — ýaşlara hem dahyllydyr. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gönüden-göni bu meseleleri çözmekde ýaşlar bilen işleşmek maksady bilen döredilendir. Çünki Türkmenistanyň ýaşlarynyň agramly bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynyň milli ruhdaky terbiýesiniň esasynda kemala gelen nesillerdir. Şonuň üçin olaryň pikirlenişi-de, meselelere çemeleşişi-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Ynha, şu maksatlar esasynda halkara derejeli forumlarda we duşuşyklarda Türkmenistanyň wekiliýetleriniň arasynda ýaşlara hem aýratyn orun berilýär. Maňa-da ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen şeýle forumlaryň birine gatnaşmak miýesser etdi.
— Şol forum dogrusynda gürrüň beräýseňiz?!
— 2023-nji ýylyň 17 — 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumyň esasy maksady Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli synyny ECOSOC-yň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirmek boldy. Türkmen ýaşlarynyň adyndan maňa-da çykyş etmek bagty nesip etdi. Öz çykyşymda döwletimiziň ýaşlar syýasaty hakynda, ýurdumyzda alnyp barylýan işler, geçirilýän çärelerdir bäsleşikler hakynda gürrüň berdim. Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ýygnaklar, duşuşyklar we pikir alyşmalar boldy. Bu çärelerde ýaşlaryň ýokary hilli biliminiň elýeterliligini gazanmak, olaryň hukuklaryny goramak, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly döwrüň öňegidişliklerine goşulmagyna goldaw bermek ýaly meseleler gozgaldy. Nýu-Ýork şäherine guralan gezelenç bolsa durmuşymda ýatdan çykmajak ýatlamalaryň biri boldy.
— Jepbarberdi, okuwdan we işden daşary nämeler bilen gyzyklanýarsyňyz?!
— Çagalykdan bäri daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan höwesim uly. Munuň netijesinde mekdep we talyplyk ýyllarymda rus, iňlis, nemes dillerini öwrendim. Häzir bolsa fransuz dilini öwrenýärin. Daşary ýurt dillerindäki kitaplary okamak hem söýgüli pişelerimiň biri. Wagt tapdygymdan, sportuň futbol we fitnes görnüşleri bilen meşgullanýaryn. Maşgalam we dostlarym bilen wagt geçirmek bolsa meniň üçin iň uly lezzet. Olar bilen söhbetdeşlik etmek, pikir alyşmak ähli ýadawlygymy dep edýär.
— Uly erjellik talap edýän bu köptaraply gün tertibi amala aşyrmak üçin nämeden güýç alýarsyňyz?!
— Maşgalamyň we ýakynlarymyň söýgüsinden. Olaryň maňa buýsanýandygyny görmek uçursyz gujur berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýen sözleri bolsa biziň her birimiziň beýik maksatlarymyzyň ylham çeşmesidir.
— Söhbedimiziň ahyrynda okyjylarymyza nämeler aýtmak isleýärsiňiz?!
— Gadyrdan okyjylara durmuşda öz ýoluny tapmaklaryny arzuw edýärin. Goý, olaryň her biriniň kalbynda besleýän belent maksatlary myrat tapsyn! Her säher oýanyp, özüňize: «Men şu gün öz maksadyma ýetmek üçin nämeler edip bilerin?!» diýip sowal bermek ruhubelentlikden nyşan. Hereketsiz maksat — bu bir ýönekeý salgymly hyýaldyr. Şonuň üçin ynsan öz arzuwlary ugrunda yhlas bilen göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. Bize oňyn täsir edýän adamlar bilen has ýygjam aragatnaşyk saklamaly we özümiz hem adamlarda diňe ýakymly täsir galdyrmaga çalyşmaly! Sözümiň ahyrynda biz — ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy asuda-parahat durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, döwletli işlerinde rowaçlyklar arzuw edýärin!
— Jepbarberdi, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Gözel Watanymyzyň durnukly ösüşlerine, sebit we halkara hyzmatdaşlyklaryna öz mynasyp goşandyňyzy goşmak ugrunda alyp barýan ähli işleriňizde size üstünlikler ýar bolsun!
— Köp sag boluň!
Söhbetdeş bolan Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».