918
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan nobatdaky okuw sapagy
2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy guraldy. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalan okuw sapagyna bu
ylmy-usulyýet merkeziniň ýaş ilçileri, şeýle hem 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaş ilçiler tarapyndan alnyp barlan sapagyň barşynda Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin parahatlyk söýüji, açyk jemgyýeti gurmakda ýardam etmek, hemmeler üçin adalatlylygy elýeter etmek we netijeli, hasabatly, şeýle hem ähli derejede giň gatnaşyklara esaslanan edaralar bilen üpjün etmeklige gönükdirilen “Parahatçylyk, Adalatlylyk we Netijeli edaralar” diýlip atlandyrylýan 16-njy maksadyna aýratyn üns berildi. Okuw sapagynyň dowamynda 16-njy maksadyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezildi.
Okuw sapagyň dowamynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýän ägirt uly işler barada anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.