913
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRY
2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda 2022-2023-nji okuw ýyly üçin ylalaşylan okuw maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Nobatdaky okuw tapgyrynyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň hünärmeni, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Senagat müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Türkmenistanda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek bölüminiň uly ylmy işgäri, degişlilikde Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksady, Elýeter we arassa energiýa, Durnukly ösüş maksatlarynyň 9-njy maksady, Senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura, Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksady, Parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar boýunça çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler energiýa howpsuzlygy, onuň adamzat durmuşynda eýelän orny, senagatlaşdyrma we innowasiýalaryň, şeýle hem parahatçylygyň we netijeli edaralaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki wajyplygy barada anyk maglumatlaryň mysalynda aýtdylar. Şeýle-de oňa gatnaşyjylaryň we bilermenleriň arasynda gozgalýan meseleler barada dürli sorag-jogap alşyldy.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.