938
Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry dowam edýär
2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň garamagyndaky Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlarynyň 9-njy maksady bolan Senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyň dowamynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýän ägirt uly işler barada anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi. Hususan-da, ýurdumyzda iň täze ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleriň aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.