30/11/-0001
955
Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy guraldy. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalan okuw sapagyna bu ylmy-usulyýet merkeziniň ýaş ilçileri, şeýle hem 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaş ilçiler tarapyndan alnyp barlan sapagyň barşynda Durnukly ösüş maksatlarynyň gury ýerleriň goraglylygyna, dikeldilmegine, olaryň ulanylmagyna ýardam etmäge, tokaýlardan rejeli peýdalanmaga, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna we biodürlüligiň azalmagyna garşy göreşmäge gönükdirilen 15-nji maksadyna aýratyn üns berildi.
Okuw sapagynyň dowamynda 15-nji maksadyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezildi. Sapagyň dowamynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işler dogrusynda anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.