05/06/2024
721
DURNUKLY ENERGIÝA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary bilen bilelikde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) hünärmenleri BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli okuw sapagyny geçirdiler.
Okuw sapagynyň başynda Energetika täsirliligi meseleleri boýunça BMGÖM taslamasynyň hünärmeni Atamuhammet Saryýew «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa ulgamynyň roly» atly tema boýunça çykyş etdi. Energetika meseleleri boýunça ýokary derejeli hünärmen çykyşynyň dowamynda durnukly energiýany üpjün etmekde ýurdumyzyň alyp barýan işleri barada talyplara giňden düşündirdi.
Soňra BMGÖM hünärmenleri durnukly energiýa ulgamyny üpjün etmek boýunça dünýäde alnyp barylýan işler, olara ýurdumyzyň goşýan goşandy barada durup geçdiler. BMG-niň Ösüş Maksatnamasyna Türkmenistanyň goşandy örän ýokary derejededigini hünärmenler çykyşyň dowamynda belläp geçdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda BMGÖM hünärmenleri daşky gurşaw, ekologiýa bilen baglanyşykly talyplar bilen wiktorina gurnadylar. Wiktorina işjeň gatnaşan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.