30/11/-0001
811
“Dünýäniň medeniýetleri we sungatlary diller arkaly dostlaşýar we bitewüleşýär” atly okuw-usuly onlaýn maslahat
2022-nji ýylyň 13-21-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky toplumlaýyn özgertmelerini durmuşa geçirmegi netijeli dowam etdirmek, döwre mynasyp, ýokary derejeli hünärmenleri we ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek baradaky tabşyryklaryndan hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Dünýäniň medeniýetleri we sungatlary diller arkaly dostlaşýar we bitewüleşýär” atly okuw-usuly onlaýn arkaly hepdelik geçirilýär.
2022-nji ýylyň 15-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda hepdeligiň çäginde geçirilen okuw-usuly onlaýn maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biri bolan arap diliniň medeniýetine we sungatyna bagyşlandy. Türkmen ýaşlaryna berilýän ylym-bilimiň hilini hem mazmunyny döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe dürli dillerde geçirilýän şeýle maslahatlaryň ähmiýeti örän uludyr.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlaryna dünýä dillerini çuňlaşdyrylan görnüşde ösen innowasion tehnologiýalar arkaly kämil derejede öwrenmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.