21/10/2024
2550
«Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigi
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigini
guramak we geçirmek hakyndaky
DÜZGÜNNAMA
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik zehinleriniň doly açylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, şeýle hem «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama taýýarlanyldy.
Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» atly döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirmek terjimeçilik sungatyny ösdürmäge, ýaşlaryň dil baýlygyny hem-de daşary ýurt dillerine bolan höwesini ýokarlandyrmaga, olaryň sowatlylygyny artdyrmaga ýardam eder.
Terbiýeçilik äheňindäki materiallaryň kömegi bilen ýaşlar adamkärçilik, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik, asyllylyk ýaly häsiýetleri ösdürip, beýleki halklaryň edebiýaty bilen tanşyp, öz zehinlerini we başarnyklaryny açyp görkezer.
Bäsleşigiň maksady:
a) ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekden;
b) ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden we dünýägaraýşyny giňeltmekden;
ç) terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we ýetişdirmekden;
d) ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, düşünjeleri baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, ruhy-ahlak taýdan kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň wezipesi:
a) hünärine ökde, ussat hem-de höwesjeň žurnalistleri taýýarlap ýetişdirmek;
b) ýaşlary terjimeçilik sungatyna çekmekden hem-de bu babatda ukybyny, başarnygyny açyp görkezen zehinli ýaşlary höweslendirmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we ony geçirmegiň tertibi
Ýaş terjimeçiler dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany (5-6 sahypadan az bolmadyk möçberde) türkmen diline terjime edip, 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.
— Terjime etmek üçin saýlanylýan eserleriň many-mazmunynyň türkmen halkynyň döwrebap milli-ruhy ýörelgelerine we ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelmegi hökmanydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde dünýäde durmuşa höwesliligi, hyjuwlylygy artdyrmaga kömek edýän kitaplar köp okalýar. Şeýle kitaplaryň ýaşlara öz ukyplaryny açmaga ýardam edýän halatlary hem köp bolýar» diýen çuňňur manyly sözlerinden ugur alynmagy maksadalaýykdyr.
— Öň terjime edilen (metbugatda çap edilen ýa-da kitap görnüşinde neşir edilen) eserleriň terjimesi kabul edilmeýär.
— Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Dünýä dilleri – dost-doganlyk köprüsi» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlaryny (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgileri) «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň dunyaedebiyaty@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.
— Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilip, has tapawutly terjime edilen eserler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.
— Bäsleşigiň jemleri Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2025-nji ýylyň fewral aýynda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, iň gowy 30 sany işler saýlanar. Gurnaýjylar tarapyndan bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Habarlaşmak üçin, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy, telefon belgileri: 39-96-09, 39-96-16, 39-96-19.